Sportuň dabaralanýan şäheri

25 Awgust 2021
1330

Aşgabadyň binagärlik keşbini aýratyn görke eýe eden täsin desgalardyr binalar, ýaşaýyş toplumlary, şäherçeler bu gün diňe bir paýtagtlylaryň däl, eýsem, ähli halkymyzyň guwanjyna öwrüldi. Şeýle şäherçeleriň hataryndaky Olimpiýa şäherçesi ýaşlaryň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Olimpiýa şäherçesi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge ýardam edýän ägirt uly taslama hökmünde mermer paýtagtymyz Aşgabadyň günorta böleginde kemala getirildi. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi. 157 gektar ýeri öz içine alýan Olimpiýa şäherçesi Merkezi Aziýada iň iri sport toplumlarynyň biri bolmak bilen, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan köpugurly sport desgalaryna bildirilýän ähli talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylan desgalaryň 40-a golaýyny öz içine alýar.

Serdar AKGAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.