Ýe­riň dar­tyş güý­ji

26 Awgust 2021
1160

Agyr atletikaçylar Tokioda Türkmenistanyň Olimpiýa däbini esaslandyrdylar

Türkmen sportunyň şöhratly gadamlarynyň jümle-jahana dolmagynda agyr atletikanyň wekilleriniň mynasyp paýynyň bardygyny bilmeýän barmy diýsene?! Hiç zatdan bihabar adamdan hem haýsy türgeni tanaýaň diýseň, säginmän «Altymyrat» diýer. Bu biziň neslimiziň futbolda «Maradona» diýşini ýatladar. Altymyrat Maradonanyň futbol meýdançasynda «ot ýakdyrmaýan» wagtlary ýetginjekleriň dünýä çempionatynda özüne taý tapanokdy.

Hojaberdi APBAÝEW,
«Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň baş redaktory.