Sagdyn jemgyýet — kuwwatly watan

27 Awgust 2021
1035

Raýatlaryň sagdynlygynyň ýurduň baş baýlygy hasaplanylýan döwletimizde ynsan saglygyny goramak durmuşyň esasy we mizemez kadasyna öwrüldi. Sagdynlygy we ruhubelentligi kemala getirmekde bolsa sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň ähmiýeti örän uludyr. Çünki sport sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň baş şertidir, bagtyýarlygyň gözbaşydyr, parahatçylygyň we dost-doganlygyň ilçisidir. Sport ýurdumyzda öňe sürülýän ýaşlar syýasatynyň-da esasy ýörelgesidir. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym ― sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr. Sporta söýgi durmuşa söýgidir!» diýip nygtamak bilen, türkmen ýaşlaryny beden we ruhy taýdan kämil, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän nesiller edip ýetişdirmegi aýratyn alada bilen gurşap alýar.

Soňky ýyllarda sport watandaşlarymyzyň her biriniň durmuşynyň gündelik hemrasyna öwrüldi. Ýurdumyzda dürli sport baýramçylyklarynyň bellenilmegi, oba-şäherlerimizde sport mekdepleridir toplumlaryň, stadionlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi we olarda döredilen şertler ildeşlerimiziň bu peýdaly endige bolan höwesini has-da artdyrýar. Bu bolsa nesil saglygynyň ilkinji şertleriniň biridir. Halkara we döwlet derejesindäki sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri netijesinde ýaşyl Tugumyzyň ýokary galdyrylmagy bolsa türkmen sportuny dünýäde şöhratlandyryp, hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky döwlet ähmiýetli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän döwlet syýasatynyň baş maksady-da adam hakyndaky aladadan ybaratdyr.

Sülgün JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň jogapkär işgäri.