Güýçlüleriň güýçlüsi

25 Awgust 2021
1101

«Güýç synanyşmak» oglanjyklaryň arasyndaky iň «meşhur ýaryşlaryň» biri. Şeýle dälmi? Ilki öz göwräňe görä daýawrak çiginleriňi deňeşdirersiň. Oňa-da ynanmasalar, eliňe ilen daşy ýa-da kesegi uzaga oklap, «ukybyňy görkezersiň». Güýjüňi onda-da «ykrar etmeseler», daş-töwerekden nähilidir bir agyrlyk tapyp, şony ýerden galdyrarsyň. Şol agyrlygy galdyryp bildiňmi, soň saňa dostlaryň «güýçli» diýer. Şol ady bir alyp bilseň hezildir, synpdaş oglanjyklaryň arasynda saňa taý tapylmaz. Özüňe bolan ynamyň has artar.

Ýöne agyrlyk götermek gyzjagazlara mahsusmyka? Ýok, olaryň aralarynda başga-başga ýaryşlar. Mundan 12-13 ýyl ozal Polina atly bir gyzjagaz hem şol pikire uýup, ilki gimnastika gatnap başlady. Ýöne beýleki gyzlardan tapawutlylykda, ony agyr atletika özüne çekdi. Şeýlelikde, ol 11-12 ýaşlarynda bu sportuň bir gyrasyndan girdi. Bu sport bilen meşgullanyp başlanyna 10 ýyl geçensoň bolsa ýurdumyzyň taryhynda Olimpiýa medalyna mynasyp bolan ilkinji türgen bolmagy başardy...

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.