Ýaşlaryň bäsleşigi

25 Awgust 2021
828

Ýeňil atletika boýunça Keniýada 20 ýaşa çenlileriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Çempionata 116 ýurtdan 958 türgen gatnaşyp, olar ýeňil atletikanyň 22 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. Onlarça rekordyň goýlan çempionatynda iň köp altyn medaly ýer eýeleri — keniýaly ýeňil atletikaçylar gazandylar. Olar 8 altyn, 1 kümüş, 7 bürünç, jemi 16 medal gazanmagy başardylar. 4 altyn medal gazanan iki ýurduň arasyndan Finlýandiýa (4 altyn, 1 kümüş) kümüş medalda Nigeriýadan (4 altyn, 3 bürünç) öňe saýlanyp, 2-nji ýeri eýeledi. Efiopiýaly, ýamaýkaly, Günorta afrikaly, botswanaly hem-de şwesiýaly ýeňil atletikaçylar çempionaty 3 altyn medal bilen tamamladylar.

Ýeňil atletikanyň iň esasy ýaryşy hasaplanýan 100 metre ylgamakda erkekleriň arasynda botswanaly Letsile Tebogo 10,19 sekuntda pellehana gelip, altyn medala mynasyp boldy. Bu ugurda zenanlardan ýamaýkaly Tina Kleýton 11,09 sekuntlyk görkeziji bilen beýleki ylgaýjylardan öňe saýlandy.