"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Täze mekdep açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Hojambaz şäherinde 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdebiň gurlup ulanylmaga berilmegi okuwçylar bilen bir hatarda ata-eneleriň, şäheriň ýaşaýjylarynyň kalplaryna egsilmejek şatlyk paýlady. Bu ajaýyp täze binanyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze mekdep dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň ösen tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde bilim aljak okuwçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Zähmet howpsuzlygy pugtalandyrylýar

Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda zähmeti goramak, sagdyn howpsuz iş şertlerini üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk namalary düşündirmek maksady bilen, okuw maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, etrabyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň işgärleri, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlary, sürüjileri we edara-kärhanalaryň zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk hünärmenleri gatnaşdy.    Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler ekin meýdanlarda howply hem-de zyýanly önümçilik faktorlaryndan goranmagyň usullary hakynda belläp geçdiler. Zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini guramaçylykly alyp barýandyklary üçin oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlaryna, sürüjilerine hem-de edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk hünärmenlerine TKA-nyň welaýat hem-de etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arkadag şäheri — döwrümiziň buýsanjy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny alanyna taryhy taýdan kän wagt geçmedigem bolsa, parahatçylyk söýüjilikli daşary saýaty, ykdysady babatda depginli ösüşi, medeni taýdan özboluşly ýol-ýörelgesi bilen dünýäde özüni ykrar etdirdi. Ýurdumyzyň ykdysadyýet babatda näderejede ösýändigini, neneňsi ykdysady kuwwata eýedigini geçen — 2023-nji ýylda birinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berlen «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri subut edýär. Bu şäher Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Aşgabat şäheriň 30 km günorta-günbatarynda Köpetdagyň ajaýyp eteginde emele geldi. Arkadag şäherinde gurlan özboluşly, milli aýratynlygy özünde jemleýän «akylly» binalar gözelligi bilen bu ýere gelýän myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenilýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary we ozal bar bolan desgalaryň durkuny täzelemegiň ugurlary, degişli düzümleriň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalary barada hasabat berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan

«Arçman» bilen bagly maglumatlar: «Arçman» bilen bagly rowaýatlar, onuň taryhy baradaky täsin gürrüňler köp. Onuň suwunyň şypa berijilik, kesel bejerijilik häsiýeti, tebigatynyň özboluşly aýratynlygy, ýerleşen ýeri ir döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir.

Bazarlaryň berekedi

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy gül-gülzarlyga öwürmek, bagy-bossanlyga büremek barada berýän tabşyryklaryny, «Gök guşak» syýasatyny durmuşa geçirmekde Köneürgenç etrabynyň bagbanlary işjeňlik görkezýär. Bagbanlar bagçylyk hojalyklarynda dürli miweli nahallary ekip, olara ideg edip, boýy ýetenlerinden bol hasyl almak üçin bu ugurda yzygiderli tagalla edýärler. Etrabyň ähli hojalyklarynda bagbançylyk bilen meşgullanýan ýer eýeleriniň sany barha artyp, olar bu ugruň tejribeli ussatlaryndan halypalyk maslahatyny soraýarlar. Netijede, yhlaslary ýerine gowşup, ýaşajyk nahallar datly miwesi bihasap agaçlar bolup, gözüňi dokundyrýar. Etrabyň hojalyklarynda ýetişdirilen miweler bazarlarymyzyň berekedine bereket goşup, saçaklarymyzy dürli nygmatlar bilen bezeýär. Döwletimiziň agrar pudagynyň ösüşlerini ilerletmekde topragyň çyn hossarlaryna döredilip berilýän giň mümkinçilikler olary zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Tejribeli bagbanlaryň göreldesine eýerip, döwrüň ösen tehnika-tehnologiýalaryndan ýerlikli peýdalanýan, az ýerden ýokary hasyl we girdeji alýan adamlaryň sany barha artýar. Bu bolsa etrapda agrar ulgamynyň bagçylyk ugrunyň-da giň gerim alýandygyny görkezýär. Etrabyň bagbanlary döwlet Baştutanymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bazarlarymyzy dürli miwe önümlerinden doldurýarlar.

Döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde, ýagny 24-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi türkmen halkynyň köpöwüşginli mirasyny, dutarda ýerine ýetirijilik we bagşyçylyk sungatyny geljekki nesillere ýetirmek, dünýä ýaýmak, şeýle hem zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli esaslandyryldy. Dutaryň we onuň bilen baglylykda, aýdym-saz sungatynyň umumadamzat gymmatlygy diýlip ykrar edilmegi halkymyz üçin aýratyn ähmiýetlidir.

Geljegiň binýady şu günden tutulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saý

Dynç alyşdan mekdebe ýa-da täze okuw ýylyna girişmegiň ýollary

Şadyýan günlere, gyzykly başdangeçirmelerdir gezelençlere beslenen tomusky dynç alyşdan soň, täze okuw ýylyna uýgunlaşmak çagalar üçinem, olaryň ata-eneleri üçinem ýeňil däl. Has talapkär ata-eneler dynç alyş döwründe hem perzentleriniň wagtyny mümkingadar netijeli peýdalanmaga we gün tertibini saklamaga ähmiýet berýär. Ata-eneleriň bir bölegi bolsa çagalarynyň tomusky dynç alşyny şadyýan geçirmekleriniň tarapdary. Nähili bolsa-da, üç aý dynç alyşdan soň, ähli çagalar we ýetginjekler mekdebe täzeden uýgunlaşmaly bolýar. Bizem şu ýazgymyzda okuwçylaryň täze okuw ýylyna üstünlikli girişmegine kömek etmäge niýetlenen maslahatlary ata-eneler bilen paýlaşýarys. Ilkinji gezek mekdebe

Magtymgulyny rus dilinde «gürleden» terjimeçiler

Magtymgulynyň şygyrlary uzak ýyllaryň dowamynda dürli dillere terjime edildi. Ýadyma düşenleriniň käbirini sanap geçäýeýin: iňlis, nemes, polýak, wenger, belarus, moldawan, ukrain… Türki dilleriniň-ä hasabynam ýöretjek däl. Eýsem, şol terjimelerde Magtymgulynyň ruhuny bermek başartdymyka? Muňa anyk jogap berip bilemok. Sebäbi agzalyp geçilen dillerden başym çykanok. Dogrusy, terjimede asyl nusgasynyň derejesine ýetmek mümkin däl. Bu birçak ykrar edilen hakykat. Terjimede asyl nusganyň altmyş-ýetmiş göterimini alyp bilseň, ussatlyk hasaplanýar.

Täsirli geçen maslahat

Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat we Saýat etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda etrapdaky Sakar şäher medeniýet öýünde edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenleriň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hakynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Maslahatyň ahyrynda halky hakynda irginsiz alada edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

«Daýhandan hereket — ýerden bereket»

Türkmen topragy — bereketli, kerem-keramatly toprak. Bu topraga yhlas bilen sepen her bir dänäň müň bolup gaýdyp gelýär. Topraga yhlasyny, alyn derini siňdirip, halal zähmetden döwlet tapýan edermen daýhanlarymyzyň üstünlikleri hem bu hakykatyň tassyknamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalygy uly ösüşlere beslenýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilaty ekologiýa taýdan arassa azyk önümleri bilen üpjün etmek, şeýle-de oba hojalyk önümleriniň eksportuny artdyrmak maksady bilen, uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna dürli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny almak ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pudagy ösdürmäge gönükdirilen üns-aladalaryndan göwünleri galkynýan oba hojalykçylar «Daýhandan hereket — ýerden bereket» diýen pähime uýup, yhlasly zähmet çekýärler. Kuwwatly tehnikalar

Maşgala — jemgyýetiň binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan işler alnyp barylýar. Şol işler bolsa, ilkinji nobatda, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 5-nji maslahatynyň dowamynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundanam has-da ýokarlandyrmak boýunça kanunçylyk namalary kabul edildi. Öň hereket edýän kanunçylyk namalaryna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu işler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde, kämilleşdirilýän kanunçylyk namalarynda, şol sanda Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde maşgalany berkitmek, çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak babatynda ähli üpjünçilikler göz öňünde tutulýar.

Taýýarlygyň gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, ýurdumyzda halk demokratiýasy dabaralanýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi munuň aýdyň subutnamasy bolar. Çünki Halk Maslahaty türkmen demokratiýasynyň ajaýyp nusgasydyr. Häzirki günlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmäge uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Karar kabul etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edilen bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Şeýle-de ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy. Umuman, bu möhüm ähmiýetli resminama ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda uly waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde geçmegini üpjün eder.

Sahna eserleriniň bäsleşigi: Balkan welaýaty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesindäki çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan täze sahna eserleriniň, kinofilmleriň onlarçasy döredildi. Olarda dana Pyragynyň döredijiliginiň adamzat ähmiýeti, şahyryň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsi, il-gününiň ykbalyna baglanan pelsepewi oýlanmalary, şeýle hem Magtymgulynyň ömür-döredijiligi barada alymlar tarapyndan ýüze çykarylýan täze maglumatlar sahna sungatynyň üsti bilen wasp edilýär. Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrmak maksady bilen, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dowam edýär. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň 11-si gatnaşdy.

Iýmit önümlerini konserwirlemegiň usullary

Fermentleriň täsiri bilen önümlerde ýüze çykýan biohimiki hadysalaryň basylmagyny we bes edilmegini üpjün edýän dürli usullar bilen iýmit önümlerini uzak wagtlap saklamak üçin gaýtadan işlemeklige «konserwirleme» diýilýär. Ol çalt zaýalanýan önümleri sarp etmegiň möwsümleýinligini aradan aýyrmaga, harytlaryň görnüşini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Konserwirlemede degişli önümleriň hili ýokary bolmalydyr, sebäbi ýokary hilli önümler tagamly we howpsuz konserwirlenýär. Onuň bolsa birnäçe usuly bar. 1. Fiziki:

Laýyklyk güwänamalary berildi

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Aşgabat we Arkadag şäherleriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň barlaghanalaryna hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ýeri gelende, ýakynda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň hem şeýle güwänama mynasyp bolandygyny aýtmak gerek. Berlen güwänamalar degişli düzümlerdäki işleriň TDS ISO 9001 standartynyň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. ISO 9001 dünýäde hili dolandyrmak boýunça ykrar edilen standart bolup, ähli ölçeglerdäki edaralara, pudaklara işlerini kämilleşdirmäge, bildirilýän talaplary ýerine ýetirmäge, hil boýunça ygrarlylygyny görkezmäge ýardam edýär.

Adam hakynda alada

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologik taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.

Halkyň ruhy baýlygy

Türkmen halkynyň taryhda baý medeniýetiniň bolandygyny görkezýän, bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň bardygyny bellemek gerek. Olar dünýäde giňden ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem munuň anyk mysallarydyr. Şu ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlar, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, döredijilik duşuşyklary, sergilerdir konsertler geçirilýär. Olaryň esasy maksady dana Pyragynyň edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine ýardam bermekden, bu ugurda ylmy barlaglary çuňlaşdyrmakdan, türkmen nusgawy şahyrynyň şahyrana-filosofik dünýäsine halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň hatarynda 18-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahatyny agzamak has-da ýakymly.

Röwşen geljegimize ynamly badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarda ägirt uly ösüşleri, öňegidişlikleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Demokratik ýörelgelere eýerip, il-ýurt ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilýän ýeri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi hem halkyň bähbidine gönükdirilýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň mejlisini her ýyl döwletimiziň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýunyň toýlanýan günlerinde geçirmek halkymyzyň asylly däbine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmakda toplan baý tejribesine daýanýar. Onuň mejlislerinde döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerine garalýar. Berkarar Watanymyzyň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna barha ýakynlaşdyrýan şu günleriň her biri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda buýsançly ösüşlere beslenýär. Şu ýylyň geçen ýarym ýyllygynyň jemlerine bagyşlanylyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy müm