Arkadag şäheriniň täze halkara baýraklary
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi bilen tanyşdyrdylar. Netijede, ýurdumyzyň «akylly» şäheri 3 sany baýraga mynasyp boldy. «World Smart City Expo» sergisine Koreýa Respublikasynyň welaýatlarynyň, ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň, birnäçe döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Malaýziýanyň, Tailand Patyşalygynyň, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň, Daniýa Patyşalygynyň, Finlýandiýanyň we Ysraýyl Döwletiniň wekilleri gatnaşdylar. Jemi 116 pawilýony özünde jemlän gözden geçirilişe ministrler, ministrleriň orunbasarlary, welaýat häkimleri derejesinde 60-dan gowrak ýurduň wekilleri synçy hökmünde gatnaşdylar.