"Watan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-16, 38-61-17, 38-61-07
Email: watan@sanly.tm

Habarlar

Döwletli ýollar

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimize eýerilip, her bir halk bähbitli iş Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahaty agzybirligi, işe geňeşli başlamak däplerini aýdyň görkezýän iň ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky arabaglanyşygyň berk binýady bolup durýar. Bu umumymilli forumyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular we ýaşlar döwletimiziň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuňňur düşünýärler.

Halk häkimiýetiniň kämil nusgasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň birinji ýarym ýyllygynyň jemini jemlän Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek baradaky tabşyrykdan ugur alyp, şu günler bu foruma taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň mejlisde eden taryhy çykyşy külli türkmen halkyny buýsandyrdy hem-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz esasynda hem-de täze döwrüň talabyna laýyklykda, 24-nji sentýabrda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň kämil nusgasy bolup, taryha altyn harplar bilen ýazylar.

Ähli gowy zatlar — çagalar üçin

Durmuşymyzyň güllerine deňelýän çagalar her bir ata-ene üçin iň eziz barlykdyr. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Diýarymyzda ýaş nesilleriň abadan durmuşda ýaşamagy, kadaly ösüp kemala gelmegi üçin döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Düýn — 19-njy awgustda paýtagtymyzda açylan «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy bilen tanşanyňda hem bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. «Garagum» myhmanhanasynyň arka tarapynda gurnalan sergi meýdançasynda geçirilen sergi-ýarmarkanyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köpsanly ildeşlerimiz gatnaşdy. Dabara hormatly Prezidentimiziň «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Gutlagda sergi-ýarmarkanyň dürli öwüşginli ekspozisiýalarynyň dünýäniň ýurtlaryndan halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň, çagalar üçin önümler pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekjekdigine ynam bildirilýär.

Ylham ýaýlasy

Meniň şeýle Watanym bar! Meniň şeýle Watanym bar,Onda düzler bossan bolýar.Meniň şeýle Watanym bar,Onda sözler dessan bolýar.

Şygryýet şalygynyň soltany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda günsaýyn ösýär, täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň belent boýly heýkeliniň dikilmegi şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň ussat şahyry, milli guwanjy, halkymyzyň buýsanjy beýik akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň akyldarydyr.

Bathyzyň gaýtalanmajak gözelligi

Halkymyzyň ylym-bilim, ruhy-ahlak taýdan kämil bolmagy geljekki sagdyn jemgyýetimiziň binýadynyň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi tebigata bolan söýgüden başlanýar. Daşky gurşawy goramak boýunça döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi babatynda milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilýär. Halkymyzyň paýyna düşen tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baý hazynasyny, gaýtalanmajak landşaftlaryny, ýagny tokaýlary, çöl-beýewanlary, sähralary, beýik daglary, deňiz-derýalary we çöketlikleri nesillere miras galdyrmak üçin aýap saklamak goraghanalarymyzyň, galyberse-de, her bir raýatymyzyň mukaddes borjy bolup durýar. Aýratyn goraga mätäç täsin haýwanlaryň biri alajagaplaň (bars) — Bathyzda duş gelýär. Bathyz döwlet tebigy goraghanasy ýurdumyzyň Mary welaýatynda ýerleşýär. Alajagaplaň şol goroghananyň ýyrtyjy haýwanlarynyň biridir. Ol gulanlary, keýikleri, dag goýunlaryny (aýraklary), ýekegapanlary awlap iýmitlenýär. Ondan başga-da, ýyrtyjynyň awy oklykirpi, ownuk gemrijiler, tilki, möjek, käkilik bolup biler. Ol nähili güýçli we ýyndam haýwan bolsa-da, onuň hem duşmanlary bar. Ene bars çagalaryny goýup awa gidende, olaryň iň howply duşmany möjekdir.

Welosipedli gezelenç

14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi. Welosiped ekologik taýdan arassa ulag hökmünde ykrar edilendir. Gahryman Arkadagymyzyň ilaty welosiped sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistanda möhüm seneler mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler yzygiderli guralýar. Welosipedli ýörişler dünýäniň köp ýurtlarynda dürli durmuş, sport, ekologik taslamalary goldamak üçin geçirilýän jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň iň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýakyndan goldaw bermegi esasynda ýurdumyzda sportuň bu görnüşi işjeň ösdürilýär. Ilat arasynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň tarapdarlaryny artdyrmak üçin tagallalar edilýär.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

12-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň aýry-aýry meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has takygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Şu gezekki dabaralar hem ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

Merkezi Aziýa: täze mümkinçilikler

Dünýä ýurtlary, aýratyn-da, goňşy döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan özgertmeler syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Köpasyrlyk taryhy kökler, medeni-ruhy umumylyklar we geografik taýdan ýakynlyk Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlaryna döwletara gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de gülläp ösýän sebit hökmünde bütindünýä ykdysadyýetinde mynasyp orun eýelemäge giň mümkinçilikleri açýar. Merkezi Aziýa sebiti Gündogaryň hem-de Günbataryň arasyndaky gadymy ýollaryň çatrygynda ýerleşip, ägirt uly energetika hem-de tebigy serişdelere, ulag-kommunikasiýa kuwwatyna eýedir. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykarylyp, ähli ugurlar boýunça anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şol gatnaşyklarda ykdysadyýete aýratyn orun degişlidir. Çünki dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, goňşy döwletleriň ýa-da bir sebitde ýerleşýän ýurtlaryň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegi tutuş sebitiň gülläp ösmegine ýardam berýär. Hut şoňa görä-de, geljegi uly adam maýasyna we tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan sebit hökmünde Merkezi Aziýa ösen döwletleriňdir halkara guramalaryň ünsüni çekýär.

Tutumly işlere badalga

Şu günler paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde anyk tabşyryklary berdi. Nobatdaky möhüm ähmiýetli çäre şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda — 24-nji sentýabrda geçiriler. Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetçiligiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Halkyň wekilçiliginiň, isleg-arzuwlarynyň, watançylyk başlangyçlarynyň ýüze çykýan ýeri hökmünde uly abraýa we ynama eýe boldy. Foruma dürli pudaklaryň wekilleriniň, ak sakally gojalaryň, eneleriň, ýaşlaryň hem gatnaşmagynda aýratyn many bar. Çünki il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek hem-de milli demokratik däplere eýermek halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda belleýşi ýaly, Halk Maslahaty öz mazmuny boýunça ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ynamdar, il bähbidini araýan geňeşdarlaryny ýygnap, karara gelmek ýörelgesi, syýasaty öwrenişiň nukdaýnazaryndan alnanda, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr.

Lebap welaýaty: ýetilen sepgitler

Daň saz berip, jahan ýagtylyp ugrandan eýýäm düýnki umyt-arzuwlarymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen hasyl bolup, günsaýyn ösýän-özgerýän Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy, mähriban halkymyzyň şan-şöhraty dünýä dolýar. 2022-nji — Halkyň Arkadagly zamanasy ýyly Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni özi bilen alyp geldi.

Türkmenistan — Wengriýa: alysda ýaňlanan şirin mukamlar

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilip, bu çäre iki dostlukly ýurduň arasynda medeni ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklar bilen bir hatarda döwletara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde ähmiýetli boldy. Medeniýet günlerine ýokary derejeli myhmanlar bilen bir hatarda, Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew, daşary ýurtlaryň Wengriýadaky ilçileri, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmenistanly talyplar hem gatnaşdylar. Şäheriň merkezinde ýerleşýän kaşaň Miras öýüniň giň eýwanynda sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Sergä baranlar türkmen milli lybaslaryny, gelin-gyzlaryň bezeg şaý-seplerini, şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserlerini uly gyzyklanma bilen synladylar. Zenanlaryň sünnäläp bejeren el işleri, ýurdumyzyň baý taryhy we medeni mirasy baradaky eserler olary synlanlarda gyzyklanmasyny artdyrdy. Türkmeniň milli aýdym-sazlary myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Ylaýta-da, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň müdiri Wepa Nurmuhammedowyň dutarda ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary ýygnananlaryň ünsüni has-da özüne çekdi.

Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Döwletli maslahatyň bosagasynda

Ýakynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesinde «Halk maslahaty — geňeşli iliň döwletli ýoly» atly maslahat geçirildi. Ony Daşoguz welaýat prokuraturasy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi, TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti hem-de TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda döwletimizde ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahatynyň taryhy kökleri, häzirki wagtda jemgyýetçilik durmuşyna hem-de ýurdumyzyň ösüşlerine ýetirýän oňyn täsirleri dogrusynda  gyzykly çykyşlar edildi.  Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini, durmuş goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek babatda öňde goýan maksatlarynyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy özenidigi  nygtaldy.

Sport we ýaşlar

Golaýda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrapdaky  1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebi bilen bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa guramanyň wekilleri, tälimçiler, ýaş türgenler gatnaşyp, dünýäde sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde tanalýan eziz Diýarymyzyň sport mümkinçilikleri, bu ugurdan gazanylýan netijeler hem-de amala aşyrylýan işler barada täsirli söhbet etdiler. Çykyşlaryň dowamynda «Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli amala aşyrylýandygyny bellenildi. Ýaş nesilleriň arassa ahlakly, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Bolgariýadan hoş habar

5—11-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 31-nji Halkara matematika bäsleşigi (IMC-2024) geçirildi. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersiteti (American University in Bolgaria) bilen bilelikde guran abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 59 döwletinden 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşikde türkmen ýaşlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Birnäçe gün dowam eden bilim bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gowy netije görkezmegi başardy. Şeýlelik-de şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala hem-de 8 höweslendiriji hormat hatyna mynasyp boldular.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklar ösdürilýär

9-njy awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş sapary bilen boldy. Günüň birinji ýarymynda hormatly Prezidentimizi «Akorda» köşgünde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri dostlarça salamlaşyp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Duşuşyklar geçirildi

9-njy awgustda Gazagystanyň paýtagtynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, senagat ulgamlarynda we beýleki geljegi uly ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Ol däp bolan ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar barada durup geçmek bilen, şu ýylyň iýulynda Astanada beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna bu dabara gatnaşandygy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Sport ulag merkezine bardy

12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy. Gahryman Arkadagymyz säher bilen irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.