"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Habarlar

ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda

Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda guramanyň alyp barýan iş ugurlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak babatda yzygiderli we netijeli işleri alyp barýar. Şunda türkmen wekiliýetiniň golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Medeniýet we sungat bilimi boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy hem uly ähmiýete eýedir. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet ministrliginiň, Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Duşuşyk medeniýet we sungat bilimi boýunça gyzyklanýan taraplara özara tejribe alyşmak, bu ugurda täze çemeleşmeleridir usullary işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Abu-Dabiniň Milli sergiler merkezinde üç günläp dowam eden maslahat plenar mejlisden, şeýle-de medeniýet we sungat bilimine deň elýeterlilik; medeni köpdürlülik arkaly ömrüň dowamynda bilim almagyň hili; durmuşa ukyply, adalatly we durnukly ösýän geljegi göz öňüne getirmek başarnyklaryny kemala getirmek; medeniýet we sungat bilimini ekoulgamlaşdyrmak hem-de baha bermek; sanly tehnologiýalar w

Milli lybaslarymyz — dünýä modasynyň ýurdunda

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gelin-gyzlarymyzyň döredýän nepis el işleri bu günki gün gaýtalanmajak gözelligi özünde jemleýär hem-de dünýä nysakçylarynyň ünsüni çekýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri, täze döwrebap biçüwdäki köýnekleri bilen dünýä modasynyň merkezi hasaplanýan Pariž şäherinde geçirilen sergä türkmenistanly wekilleriň gatnaşmagy biziň üçin uly dereje boldy. «Mähirli zenan» hususy kärhanamyz gözelligi we milliligi özünde jemleýän lybaslary döredip, bäş ýyla golaý wagtdan bäri halkyň söýgüsini gazanyp gelýär. Biz tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekleri, el keşdeleri we üstki örtgüleri (şarflar) bilen bezelen milli donlary hem-de gyňaçlary tikip bejerýäris. Biziň zenanlara niýetläp tikýän egin-eşiklerimiz ozaldan hem owadan syratly gelin-gyzlarymyzyň görk-görmegini has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy biz modelýerler üçin hem işlemäge, döretmäge, dünýä ülňülerine gabat gelýän dizaýn işl

Türkmenistan we Halkara awtoulaglar birleşigi hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy maksat edinýär

BMG-niň Ženewa şäherindäki edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili Wepa Hajiýew Halkara awtoulaglar birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Şweýsariýadaky wekilhanasy habar berýär. Bellenişi ýaly, taraplar alnyp barylýan häzirki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek mümkinçiliklerini, şeýle hem ozal baglaşylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Antwerpen deňiz akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktory Rouen wan Şereniň arasynda geçirilen duşuşykda deňiz bilimi we deňiz giňişliginde işleýän hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Belgiýanyň deňiz flotunyň hünärmenleri taýýarlanylýan uniwersitet kollejine bolan saparynyň çäklerinde türkmen ilçisi akademýanyň işiniň esasy ugurlary, bilim maksatnamalary, ylmy-barlag işleri we hödürlenilýän hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary bilen ýakyndan tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Halkara giňişlikde

Ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ugrunda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili W.Hajiýew Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar ýurdumyzyň bu düzüm bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmegiň mümkinçiliklerini, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek üçin anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gazagystanda Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag arkaly ýük daşamalaryna alternatiw ugur hökmünde garalýar

Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Žumangarin awtoulag ýük daşamalarynyň möhüm meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi. Gazagystan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, eksport-import gatnaşyklarynda awtomobil arkaly ýük daşamalaryň umumy möçberi 7,6 million tonna (şonuň 2,8 million tonnasy eksporta, 4,8 million tonnasy hem importa degişlidir) deň boldy. Şunda daşalan umumy ýüküň 50,2 göterimi Gazagystanyň, 10,6 göterimi Özbegistanyň, 5,5 göterimi Türkiýäniň, 3 göterimi Russiýanyň, 2,5 göterimi hem Täjigistanyň awtomobil ýük daşaýjylaryna degişli boldy.

Türkmenistan - BMG: awtomobil ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri bilen baglanyşykly meseleler maslahatlaşyldy

19-njy fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň (UNOPS) Awstriýadaky sebitleýin edarasynyň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Taslamalara hyzmat ediş müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny, şol sanda awtomobil ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassa görnüşleri bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ugurdaş ministrlikleriň we edaralaryň, «Türkmengaz» hem-de «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň wekilleriniň Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň durnukly energetika bölüminiň direktory Dario Liguti bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we tebigy gaz babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ygtybarly hyzmatdaşlyga tarap

Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin dolandyryş işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamasynyň bellenen tertipde ylalaşylan çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Dokma senagaty, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlikleriniň, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň merkezi edarasynyň, döwlet täjirçilik banklarynyň hünärmenleri, telekeçiler Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Týubingen şäherinde «ýaşyl» ykdysadyýet ugry boýunça geçirilen iki hepdelik tejribe okuwlaryna gatnaşdylar. Bu tejribe okuwyna bize-de gatnaşmak miýesser etdi. Agzalan tejribe okuw maslahatynyň çäginde Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň Týubingen şäherinde ýerleşýän edara binasynda dürli ugurlar boýunça okuwlar geçirildi, şeýle hem öňdebaryjy iş tejribeleri bilen tanyşmak maksadynda ykdysady taýdan ösen ýurduň dürli edaralaryna iş saparlary guraldy. Okuw maslahatynyň esasy maksady german kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribeleri, önümçilik işiniň guralyşy, tehniki taýdan üpjünçiligi we ornaşdyrylan döwrebap tehnologiýalary bilen ýakyndan tanyşmakdan hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybarat boldy.

Halkara howa gatnawlary giňeldilýär

Aşgabatdan Kuala-Lumpura we Jidda howa gatnawlary açyldy Häzirki döwürde ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Aşgabat — Kuala-Lumpur — Aşgabat, Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça täze howa gatnawlarynyň ýola goýulmagy-da bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin onlaýn okuw sapaklary geçirilýär

“Türkmen Logistika” Assosiasiýasy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň arasynda baglaşylan bilelikdäki Meýilnamanyň çäklerinde, CILT Merkezi Aziýa birleşmesi bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýa boýunça söwda maksatnamasynyň goldawy bilen Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň işgärleri üçin halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda onlaýn okuwlary guraýarlar. 16-njy fewralda geçirilen ilkinji okuw sapagy «Deňiz dolandyrylyşy we ýolbaşçylyk: ýük daşamakda gymmatlylyk döretmek» ady bilen geçirildi. Bu barada assosiasiýanyň web-saýtynda habar berilýär.

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.

Ynsanperwer taglymaty dabaralandyryp

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatik işgärleriň güni mynasybetli geçirilen «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlaryňdyr halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärlerini, milli diplomatik gullugyň weteranlaryny, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplaryny bir ýere jemledi. Biz halkara maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Asylly käriň ussatlary

Diplomatik işgärleriň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen çäreler ykbalyny bu jogapkärli kär bilen baglanlar üçin ýatdan çykmajak baýramçylyga öwrüldi. Şolaryň arasynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanan halypa diplomatlar hem bar. Biz olaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik. Sapar BERDINIÝAZOW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy, “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi:

Halkara giňişlikde

Statistika boýunça tejribelerini artdyrdylar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri golaýda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Tokioda guralan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. On günlük okuwlaryň maksady statistiki usulyýetler we olary ulanmak boýunça bilelikdäki bilim binýadyny döretmek bilen bagly boldy. Maslahatlaryň dowamynda komitetiň düzümleýin müdirlikleriniň ýolbaşçylary statistiki hasabat çeşmelerini döretmegiň hem-de peýdalanmagyň, bu babatdaky işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça JICA-nyň wekilleri bilen ýakyndan pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar tanyşdyrylyşlar bilen çykyş edip, şunda milli statistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, esasy makroykdysady görkezijileri statistik taýdan bahalandyrmagyň hilini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berdiler.

Dünýä ýüzünde halkara gatnaşyklarymyzy berkidijiler

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara gatnaşyklary çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär. «Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Diplomatik gulluk — bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi» diýlip bellenilýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri, ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.

Halkara gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk — Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde degişli gulluklaryň goňşy döwletimiziň hünärmenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Artyk — Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça degişli meselelere garaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen bu iş duşuşygynyň esasy maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy. Bu duşuşykda wekiller ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we beýleki iktaraplaýyn bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Farap awtoýollary we Alat gümrük nokatlarynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Gysga möhletli

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» 2023-nji ýylda 2 million 261 tonna ýük daşady

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileri bilen 2023-nji ýylda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim ýokarlanyp, 2 million 261 tonna ýetdi. Umuman aýdylanda, 2023-nji ýylda ýük daşamak boýunça Milli flotuň meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Metbugat gullugy habar berýär. 2023-nji ýylda ýük dolanyşygy 948,675 million tn/km boldy, bu 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 17,2 göterim ýokary we ýük dolanyşyk meýilnamasy 229,6 göterim ýerine ýetirildi.

Türkmenistan Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisine gatnaşdy. Türkmenistanyň DIM-iň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «Netijeli syýasat» sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky onýyllyklarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda: