Türkmenistan Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde birnäçe teklipleri öňe sürdi

18 Fewral 2024
432

12-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine iş saparynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Bütindünýä hökümet sammitiniň (WGS 2024) mejlisine gatnaşdy.

Türkmenistanyň DIM-iň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, «Netijeli syýasat» sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda R.Meredow dünýä bileleşiginiň jogapkär agzasy bolup, Türkmenistanyň dünýäniň ählumumy maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýan ýurt hökmünde ileri tutulýan garaýyşlary boýunça çemeleşmelerini we hereketlerini anyk kesgitleýändigini hem-de amala aşyrýandygyny beýan etdi. Şu nukdaýnazardan, ulag arabaglanyşygyny we durnuklylygy berkitmek ýaly ugurlaryň ähmiýeti görkezilip, Türkmenistanyň başlangyjy bilen soňky onýyllyklarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag baradaky alty kararnamasynyň kabul edilendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda: