Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» 2023-nji ýylda 2 million 261 tonna ýük daşady

18 Fewral 2024
365

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileri bilen 2023-nji ýylda ýük daşamagyň umumy mukdary 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim ýokarlanyp, 2 million 261 tonna ýetdi. Umuman aýdylanda, 2023-nji ýylda ýük daşamak boýunça Milli flotuň meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Metbugat gullugy habar berýär.

2023-nji ýylda ýük dolanyşygy 948,675 million tn/km boldy, bu 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 17,2 göterim ýokary we ýük dolanyşyk meýilnamasy 229,6 göterim ýerine ýetirildi.