Dünýä ýüzünde halkara gatnaşyklarymyzy berkidijiler

18 Fewral 2024
326

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara gatnaşyklary çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär.

«Diplomatik gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda: «Diplomatik gulluk — bu döwlet gullugynyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmegi boýunça ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegi, halkara gatnaşyklary çygrynda Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslarynyň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine wekilçilik edilmegi hem-de olaryň goralmagy bilen baglanyşykly görnüşi» diýlip bellenilýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri, ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.

Dünýägözel Täçmyradowa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.