ÝUNESKO bilen gatnaşyklary ösdürmek ugrunda

22 Fewral 2024
458

Türkmenistan ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda guramanyň alyp barýan iş ugurlaryndan gelip çykýan hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmak babatda yzygiderli we netijeli işleri alyp barýar. Şunda türkmen wekiliýetiniň golaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Medeniýet we sungat bilimi boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşmagy hem uly ähmiýete eýedir.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň Medeniýet ministrliginiň, Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň wekillerinden ybarat wekiliýet gatnaşdy. Duşuşyk medeniýet we sungat bilimi boýunça gyzyklanýan taraplara özara tejribe alyşmak, bu ugurda täze çemeleşmeleridir usullary işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat etdi. Abu-Dabiniň Milli sergiler merkezinde üç günläp dowam eden maslahat plenar mejlisden, şeýle-de medeniýet we sungat bilimine deň elýeterlilik; medeni köpdürlülik arkaly ömrüň dowamynda bilim almagyň hili; durmuşa ukyply, adalatly we durnukly ösýän geljegi göz öňüne getirmek başarnyklaryny kemala getirmek; medeniýet we sungat bilimini ekoulgamlaşdyrmak hem-de baha bermek; sanly tehnologiýalar we emeli aň (AI) arkaly medeniýet-sungat biliminiň ösdürilişi; medeniýet we sungat bilimini goldamakda hyzmatdaşlyk hem-de maliýeleşdirmek; gözegçilik, gözlegler, maglumatlar ýaly ugurlar boýunça mowzuklaýyn mejlislerden, dürli medeni çärelerden ybarat boldy.

Aýbölek KAKABAÝEWA,
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň referenti.