Antwerpen deňiz akademiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

21 Fewral 2024
378

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen Antwerpen deňiz akademiýasynyň Baş direktory Rouen wan Şereniň arasynda geçirilen duşuşykda deňiz bilimi we deňiz giňişliginde işleýän hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Belgiýanyň deňiz flotunyň hünärmenleri taýýarlanylýan uniwersitet kollejine bolan saparynyň çäklerinde türkmen ilçisi akademýanyň işiniň esasy ugurlary, bilim maksatnamalary, ylmy-barlag işleri we hödürlenilýän hünär derejesini kämilleşdiriş okuwlary bilen ýakyndan tanyşdy.