Halkara gatnaşyklaryň gerimi giňeýär

18 Fewral 2024
464

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän «Artyk — Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerinde degişli gulluklaryň goňşy döwletimiziň hünärmenleri bilen iş duşuşygy geçirildi. Duşuşykda «Artyk — Lotfabad» awtoýol gözegçilik-geçiriş ýeriniň özara ýük daşamalar babatda mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça degişli meselelere garaldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal gümrük gullugynyň arasynda 2023–2024-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäginde bilelikdäki işçi toparyň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen bu iş duşuşygynyň esasy maksady 2023-nji ýylda özara hereketiň netijelerini jemlemek we 2024-nji ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy maksatlaryny kesgitlemekden ybarat boldy. Bu duşuşykda wekiller ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmek, deslapky maglumat alyşmagy guramak we beýleki iktaraplaýyn bähbitli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bulardan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi (UNODC) bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky «Konteýnerli daşamalara gözegçilik etmek boýunça» Ählumumy maksatnamasynyň çäklerinde Farap awtoýollary we Alat gümrük nokatlarynda Port gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi. Gysga möhletli bu okuw çäresiniň dowamynda Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, iki döwletiň arasyndaky ähmiýeti uly bolan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň ulag geçirijiligini ösdürmek boýunça serhetleşýän gümrük edaralarynyň alyp barýan işlerini utgaşdyrmak hem-de gümrükçileriň özara gatnaşyklaryny giňeltmek maksatlaryna gönükdirilen möhüm wezipelere içgin seredildi. Şeýle halkara derejeli duşuşyklaryň, okuw çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi gümrükçi harby gullukçylaryň hünär derejelerini ýokarlandyryp, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygy ugrunda alyp barýan işlerini has-da ýokarlandyrmaga uly itergi berer.

Dörtguly ARRYKOW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Balkan welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.