Halkara giňişlikde

19 Fewral 2024
376

Statistika boýunça tejribelerini artdyrdylar

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri golaýda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan Tokioda guralan okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. On günlük okuwlaryň maksady statistiki usulyýetler we olary ulanmak boýunça bilelikdäki bilim binýadyny döretmek bilen bagly boldy. Maslahatlaryň dowamynda komitetiň düzümleýin müdirlikleriniň ýolbaşçylary statistiki hasabat çeşmelerini döretmegiň hem-de peýdalanmagyň, bu babatdaky işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhüm meseleleri boýunça JICA-nyň wekilleri bilen ýakyndan pikir alyşdylar. Gatnaşyjylar tanyşdyrylyşlar bilen çykyş edip, şunda milli statistika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, esasy makroykdysady görkezijileri statistik taýdan bahalandyrmagyň hilini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara aýratyn üns berdiler.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».