Milli lybaslarymyz — dünýä modasynyň ýurdunda

21 Fewral 2024
644

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde türkmen halkynyň milli mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gelin-gyzlarymyzyň döredýän nepis el işleri bu günki gün gaýtalanmajak gözelligi özünde jemleýär hem-de dünýä nysakçylarynyň ünsüni çekýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň älemgoşar öwüşginli ketenidir parça ýüpeklerden tikilen, dürli keşdeler bilen bezelen milli köýnekleri, kürteleri, çabytlary, donlary, düýpli gyňaçlary, başatgyçlary, ýeňsizleri, täze döwrebap biçüwdäki köýnekleri bilen dünýä modasynyň merkezi hasaplanýan Pariž şäherinde geçirilen sergä türkmenistanly wekilleriň gatnaşmagy biziň üçin uly dereje boldy.

«Mähirli zenan» hususy kärhanamyz gözelligi we milliligi özünde jemleýän lybaslary döredip, bäş ýyla golaý wagtdan bäri halkyň söýgüsini gazanyp gelýär. Biz tebigy ýüpekden we mahmaldan tikilen köýnekleri, el keşdeleri we üstki örtgüleri (şarflar) bilen bezelen milli donlary hem-de gyňaçlary tikip bejerýäris. Biziň zenanlara niýetläp tikýän egin-eşiklerimiz ozaldan hem owadan syratly gelin-gyzlarymyzyň görk-görmegini has-da artdyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän adyl syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy biz modelýerler üçin hem işlemäge, döretmäge, dünýä ülňülerine gabat gelýän dizaýn işlerini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Aýna DURDYLYÝEWA,
«Mähirli zenan» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy.