"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Rekorda golaýlady

To­kio 2020-de bas­ket­bol ýa­ryş­la­ryn­da «C» to­par­ça­da Slo­we­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 118:110 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da slo­we­ni­ýa­ly Lu­ka Don­çiç 48 utuk ge­çir­di. Du­şu­şy­gy 11 ri­baunt we 5 asist­lik gör­ke­zi­ji­ler bi­len ta­mam­lan Don­çiç Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da bir du­şu­şyk­da iň köp utuk ge­çi­ren ikin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Bu ugur­da re­kord bra­zi­li­ýa­ly Os­kar Şmid­te de­giş­li bo­lup, ol Se­ul 1988 Olim­pia­da­syn­da Is­pa­ni­ýa bi­len bo­lan oýun­da 55 utuk ge­çi­rip­di.

Me­dal­la­ryň üçü­si­ni-de öza­ra paý­laş­dy­lar

We­los­port bäs­le­şik­le­ri­niň ma­un­ten baý­king gör­nü­şi­niň kross-kant­ri ug­ry bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da me­dal­la­ryň üçü­si­ni-de şweý­sa­ri­ýa­ly tür­gen­ler öza­ra paý­laş­dy­lar. Çe­ke­le­şik­li ge­çen ýa­ryş­da pel­le­ha­na 1 sa­gat 15 mi­nut 46 se­kunt­da gel­me­gi ba­şa­ran Ýo­lan­da Neff al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Onuň wa­tan­daş­la­ry Si­na Fei (1:16:57) bi­len Lin­da In­derg­rand (1:17:05) de­giş­li­lik­de, kü­müş we bü­rünç me­da­ly eýe­le­di­ler.

Ýe­ne-de Fi­ji çem­pi­on­lyk ga­zan­dy

Reg­bi 7 bo­ýun­ça er­kek­le­riň ara­syn­da çem­pi­on üýt­ge­me­di. Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­syn­da 2-nji ge­zek Rio 2016 Olim­pia­da­syn­dan bä­ri bo­lan reg­bi 7 bo­ýun­ça çem­pi­on­ly­gy ýe­ne-de Fi­ji­niň ýy­gyn­dy­sy ga­zan­dy. Olar fi­nal­da Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň ýy­gyn­dy­syn­dan 27:12 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Şeý­le­lik­de, fi­ji­li olim­pi­ýa­çy­lar ta­ryh­yn­da ikin­ji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly­ny ga­zan­dy­lar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, Rio 2016-da Fi­ji­niň ýy­gyn­dy­sy reg­bi 7 bo­ýun­ça çem­pi­on bo­lup, il­kin­ji Olim­pi­ýa me­da­ly­ny ga­za­nyp­dy­lar. To­kio 2020-de bü­rünç me­da­la Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy my­na­syp bo­lup, olar bu ugur­da Rio 2016-nyň kü­müş me­da­ly­nyň eýe­si Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 17:12 ha­sa­byn­da ýeň­di­ler.

Iki do­gan bir gün­de çem­pi­on bol­dy

To­kio 2020-de dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da ta­ry­hy wa­ka bol­dy. Ýa­po­ni­ýa­ly do­gan­lar Abe­ler dzýu­do bo­ýun­ça ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar­da bir gü­nüň do­wa­myn­da al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy­lar. Il­ki bi­len ze­nan­la­ryň ara­syn­da 21 ýaş­ly Uta Abe 52 kg ag­ram de­re­je­sin­de fi­nal­da fran­si­ýa­ly Aman­din Bu­şar­dan üs­tün çyk­dy. Bu tut­lu­şyk­dan san­ly­ja mi­nut­lar soň Uta Abe­niň özün­den 2 ýaş uly do­ga­ny Hi­fu­me Abe er­kek­le­riň ara­syn­da 66 kg ag­ram de­re­je­sin­de ýe­ňi­ji bol­dy. Ol fi­nal­da gru­zi­ýa­ly Wa­ža Marg­we­laş­wi­li­ni ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Şeý­le­lik­de, do­gan­lar Abe­ler Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da spor­tuň bir gör­nü­şin­de ýe­ke­le­ýin bäs­le­şik­ler­de bir gü­nüň do­wa­myn­da al­tyn me­dal alan il­kin­ji do­gan­lar hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Rekorda golaýlady

To­kio 2020-de bas­ket­bol ýa­ryş­la­ryn­da «C» to­par­ça­da Slo­we­ni­ýa­nyň ýy­gyn­dy­sy Ar­gen­ti­na­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny 118:110 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da slo­we­ni­ýa­ly Lu­ka Don­çiç 48 utuk ge­çir­di. Du­şu­şy­gy 11 ri­baunt we 5 asist­lik gör­ke­zi­ji­ler bi­len ta­mam­lan Don­çiç Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da bir du­şu­şyk­da iň köp utuk ge­çi­ren ikin­ji bas­ket­bol­çy bol­dy. Bu ugur­da re­kord bra­zi­li­ýa­ly Os­kar Şmid­te de­giş­li bo­lup, ol Se­ul 1988 Olim­pia­da­syn­da Is­pa­ni­ýa bi­len bo­lan oýun­da 55 utuk ge­çi­rip­di.

Buýsançnama

Berekella Polina! Kemal tapdyň käriňden,Olimpiýa ýaryşy uzakda Diýaryňdan,Döşüň kümüş medally, parlatdyň ýaşyl Tugy,Älem bakdy ýeňşiňe, guwandy oguz kowmy.Ýaşlyk nämä ukyply, görkezdiň güýç-kuwwatyň, Dünýä belli ýaryşa, heniz ugrajak wagtyň,Ýadyňdadyr Gahryman Arkadagyň aýdany,“Arşa galdyryň — diýip — bu Watanyň adyny.Sport gujur-gaýratdyr, gözbaşy gözelligiň,Sagdynlyk ol ynsana, mekdebi ezberligiň”. Tälim aldyň ussatdan, gysganmadyň wagtyňy,Agyr atletikadan agtardyň sen bagtyňy. Ýaponiýa — Tokio Günüň dogýan ýerinde,Tomusky Olimpiýa, ýeňmek hemmäň serinde.Çykan wagtyň bökjekläp, kän bolandyr geňlänler,Soňra “Aperin!” diýdi, netijäni diňlänler,“Türkmenistan, Gurýewa, eýe ikinji orna!”Ör turanda märeke, ýürekler geldi ýerne. Türgen juda mynasyp, ynha, kümüş medala,Olimpiýa ýaryşy, ýeňiş seniň peýdaňa.

Ilkinji altyn medallar

To­kio 2020-de agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ze­nan­la­ryň ara­syn­da 55 kg ag­ram de­re­je­sin­de çem­pi­on­lyk ug­run­da ýi­ti gö­reş bol­dy. Ne­ti­je­de, bir­ba­da gö­ter­mek­de 97 kg, itek­läp gö­ter­mek­de-de 127 kg, je­mi 224 kg ag­ra­my gö­te­ren fi­lip­pin­li Hi­di­lin Di­az al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Onuň soň­ky 2 gör­ke­zi­ji­si Olim­pi­ýa re­kor­dy­na deň bo­lup, ol to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da al­tyn me­dal ga­za­nan il­kin­ji fi­lip­pin­li tür­gen hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 30 ýa­şyn­da­ky ştan­ga­çy Aş­ga­bat­da ge­çen Azi­ýa oýun­la­ryn­da, on­dan öňem Rio 2016-da kü­müş me­dal alyp­dy. Fi­lip­pin­le­riň mun­dan öň 3 kü­müş, 7 bü­rünç me­da­ly bar­dy. Fi­lip­pin­li tür­gen­ler 21-nji ge­zek to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da çy­kyş ed­ýär. Ýe­ňi­jä ýur­du­nyň hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan 650 müň ýew­ro pul baý­ra­gy hem-de öý sow­gat be­ril­jek­di­gi ha­bar be­ril­di. Hi­di­lin Di­az­dan umu­my­lyk­da 1 kg az gö­te­ren hy­taý­ly Lýao Sýu­ýun (97 kg, 126 kg, 223 kg) kü­müş, ga­za­gys­tan­ly Zül­fi­ýa Çin­şan­lo (90 kg, 123 kg, 213 kg) bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­dy. Bir­ba­da gö­ter­mek­de 90, itek­lap gö­ter­mek­de-de 115 kg ag­ra­my gö­te­ren il­de­şi­miz Krsi­ti­na Şer­me­to­wa je­mi 205 kg ag­ram bi­len 6-njy or­ny eýe­le­di.

Yzly-yzyna 3-nji çempionlygy

Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň äh­li­si­niň mak­sat­na­ma­syn­da bo­lan feh­to­wa­ni­ýa bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ryň sabl­ýa gör­nü­şin­de er­kek­le­riň ara­syn­da weng­ri­ýa­ly Aron Si­la­gi al­tyn me­dal ga­zan­dy. Bu onuň ýe­ke­le­ýin sabl­ýa ýa­ry­şyn­da ga­za­nan 3-nji Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bo­lup, ol 2012-nji ýyl­da Lon­don­da, 2016-njy ýyl­da Rio­da mün­be­riň iň ýo­ka­ry bas­gan­ça­gy­na çy­kyp­dy. 31 ýa­şyn­da­ky Si­la­gi sabl­ýa gör­nü­şin­de 3 al­tyn me­dal alan il­kin­ji tür­gen diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. Bu al­tyn me­dal feh­to­wa­ni­ýa­nyň sabl­ýa gör­nü­şin­de wen­ger­le­riň ga­za­nan 13-nji al­tyn me­da­ly bol­dy.

Täze bäsleşikleriň ýeňijileri

To­kio 2020-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na il­kin­ji ge­zek gi­ri­zi­len skeýt­bo­ar­ding bäs­le­şi­gin­de ze­nan­la­ryň ara­syn­da 13 ýa­şyn­da­ky ýa­po­ni­ýa­ly Mo­mi­ži Ni­şi­ýa ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol kö­çe skeýt­bo­ar­ding gör­nü­şin­de 15,26 utuk top­lap, 13 ýa­şyn­da­ky bra­zi­li­ýa­ly Le­al Raý­saa­dan hem-de 16 ýaş­ly wa­tan­da­şy Fu­na Na­ka­ýa­ma­dan öňe saý­lan­dy. Ni­şi­ýa şu ýyl Rim­de ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da çem­pi­on bo­lup­dy. Mün­be­re çy­kan 3 tür­ge­niň ýaş bol­ma­gy Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky iň ýaş ýe­ňiş mün­ber­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.

Ýeňiş seniňki Watan, pälwan gyzyň adyndan

27-nji iýul tomsuň beýleki günleri ýaly adaty ýagdaýda başlady. Ýöne günorta çaglarynda adaty başlan gün täsinlige, gözellige beslendi. «Günüň dogýan ýurdunda» lowurdan kümşüň şuglasy müňlerçe kilometr uzaklykdaky Türkmenistany ýagtyltdy. Şol ýalkym ähli watandaşlarymyzyň ýüregine taryhymyzdaky ilkinji Olimpiýa medalynyň şuglasyny çaýdy. Şeýdip hem adaty ýagdaýda başlan gün sähel salymyň içinde taryha girdi oturyberdi. 27-nji iýul — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda Ýeňiş, Finlandiýada Düýşler güni hökmünde taryha girdi. 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlary hut şol günde başlapdy. London Olimpiadasyndan 9 ýyl soňra bolsa Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly biziň döwletimizde hemişelik ýatlanyljak taryhy senä öwrüldi. Has takygy, şol gün Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetimiziň agzasy — 21 ýaşly agyr atletikaçy türgen Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu şanly üstünlik diňe bir milli sportumyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

19 ýa­şyn­da K2 da­gy­na çyk­dy

Pa­kis­tan­ly 19 ýaş­ly Şeh­ro­ze Ka­şif dün­ýä­niň iň be­ýik ikin­ji da­gy bo­lan K2-ä dyr­maş­dy. Şeý­le­lik­de, Ka­şif bu da­gyň iň be­ýik ger­şi­ne çy­kan iň ýaş adam bol­dy. Ka­şi­fiň ka­ka­sy Ka­şif Sü­leý­man og­lu­nyň 14-nji iýul­da K2 da­gy­nyň esa­sy la­ge­ri­ne ba­ryp ýe­ten­di­gi­ni we 28-nji iýul­da be­ýik­li­gi 8 müň 611 metr bo­lan iň be­ýik no­ka­da çy­kan­dy­gy­ny aýt­dy. Ka­şif şu ýy­lyň 11-nji ma­ýyn­da dün­ýä­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­res­te çy­kyp­dy. Şeý­le­lik­de, Ka­şif Ewe­res­te çy­kan 6-njy hem-de iň ýaş pa­kis­tan­ly bo­lup­dy. 11 ýa­şyn­dan bä­ri da­ga dyr­maş­mak bi­len meş­gul­lan­ýan Ka­şif hä­zi­re çen­li be­ýik­li­gi 3 müň metr­den 8 müň met­re ýet­ýän bir­nä­çe da­ga çyk­dy.

Ýurdumyzyň Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­daky il­kin­ji me­da­ly

Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy – XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ryň bu iri ýa­ryş­la­ra gat­naş­ma­gy bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň ýe­ňiş ga­za­nyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň ýa­şyl Tu­gu­nyň be­len­de gal­dy­ryl­jak­dy­gy­na bo­lan yna­my has-da ber­kid­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ata­lyk ala­da­syn­dan ruh­la­nan tür­gen­ler dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki üs­tün­lik­ler bi­len ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga ça­lyş­ýar­lar.

Ajaýyp sport üstünligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde eziz Diýarymyz köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we sportuň gülläp ösýän ýurduna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryna giňden badalga berilýär. Bu günki gün ussat türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, uly ýeňiş gazanýarlar. Türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda şowly çykyş etmekleri sport janköýerleriniň kalbyny şatlykdan doldurdy. Agyr atletikaçy türgenimiz sport bäsleşiklerinde ussatlyk görkezip, ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, uly ýeňiş gazandy. Hormatly Prezidentimiziň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek toparymyza iberen Ýüzlenmesinde: «Biz geljekde hem sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, halkara ýaryşlarda örän şowly çykyş etmek hem-de zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris» diýip bellemegi türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Ýeňiş gutly bolsun, Polina!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmenistanly türgenlerden düzülen wekiliýet Ýaponiýada geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Toparyň çykyşlary şowly dowam edýär. Aşgabatly sport ussady, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Gurýewa ilkinji Olimpiýa kümüş medalyny gazandy. Ol bu ýeňşi 59 kg çenli agram derejesinde 14 ýurduň wekilleriniň gatnaşan agyr atletika bäsleşiginde gazanmagy başardy.Halkara derejeli Olimpiadada gazanan ýeňşiň gutly bolsun, Polina!

Arkadagymyzyň sport taglymaty

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dynç alyş günlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde nusgalyk görelde bolýar. Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen sporty ösdürmekde geçirýän toplumlaýyn işleri berkarar ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkymyzyň bagtyň gujagynda, bagtyýarlygyň goýnunda eşretiň hözirini görüp ýaşamagyna giň şertleri döredýär. Mukaddes Watanymyza, bagtyýar ýaşaýşa bolan buýsanjymyzy has-da artdyryp, göwünlerimizi ak ýollara ganatlandyrýar, bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegi gönüden-göni ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly merdana nesiller bolup ýetişmegi bilen berk baglydyr.

Ýürekleri ýagtyldan kümşüň ýalkymy

Agyr atletikaçy türgenimiz Polina Gurýewa Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistan üçin ilkinji medaly gazandy 27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ine-de, ilkinji üstünlik! Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler.

Halypa hormaty

Ol wagtlar işe ýaňy geläýen uçurlarymdy. Bu ýere gelip, ilki bilen, gözüme ilenem mekdebiň saýaly bagynyň astynda birgiden çagalary daşyna üýşürip oturan mugallymdy. Bir görseň, ala-goh, bir görseňem, sessizje bolup oturan çagalaryň hemmesiniň ünsi öňlerindäki küşt tagtasyndady. Olaryň bary mugallymlarynyň küşdüň syrly göçümleri baradaky gürrüňlerini dykgat bilen diňleýärdiler. Halypa mugallymyň ýaşajyk şägirtlerine berýän sapagy kesesinden tomaşa edeniňe şeýle bir degýärdi welin, heý, goýaý. Her gün işlerimi birýüzli edip, olaryň ýanyna howlugardym. Küşdüň syrdan doly dünýäsi meni gitdigiçe özüne imrindirip barýardy. Bir gün ýaýdana-ýaýdana Akmyrat mugallymdan küşdüň göçümlerini öwretmegini haýyş etdim. Mugallym kiçigöwünlilik bilen ak kagyzyň ýüzüne küşdüň mallarynyň göçüş hereketlerini ýeke-ýeke çyzyp görkezdi. Soňam: «Gowusy, sen şulaň ýanyna geçsene, çagalaň oýunlaryna seredibem bir zatlar öwrenersiň» diýdi-de, alty-ýedi ýaşlyja çagalaryň arasynda oturtdy. Halypanyň her çaganyň häsiýetine görä özüni alyp barşy, olaryň hersi bilen aýratynlykda uly adam ýaly gürleşişi hoşuňa gidýärdi. Käwagtlaram: «Şu mugallymy utsaňyz, çempion bolarsyňyz» diýip, okuwçylaryny höweslendirmek üçin olary ýeke-ýekeden meniň bilen küşt oýnadardy. Şonda utulaýsam dagy: «Hany, el çarpalyň, pylany mugallymy utdy» diýip, uly şowhun dörederdi, türgenleşigi gyzykdyrardy. Bu onuň çagalaryň gursa

Gymmaty gyzyldan zyýada

Türkmen sportunyň taryhyny bezejek buýsandyryjy netije Şu günler bütin dünýäniň nazary Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda eglenýär. Ajaýyp sport baýramçylygyndan mynasyp «toý paýyny» almak — dürli röwüşli medallary gazanmak arzuwy bilen dünýäniň çar ýanyndan gelen türgenleriň gatnaşmagyndaky gyzgalaňly ýaryşlar millionlarça adamy mawy ekranyň öňünde jemleýär. Sport bilen azda-kände gyzyklanýan her bir adam Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän bäsleşikleriň iň bolmanda netijeleri bilen gyzyklanýar. Öňňin — 27-nji iýulda Tokio Olimpiadasyndaky ýaryşlarda gazanylan netijeleriň biri türkmen sportunyň taryhyna zer harplar bilen ýazylyp, ähli ildeşlerimiziň kalbyny bimöçber buýsanç duýgularyna besledi.

Ildeşimiziň ajaýyp ýeňşi

Mälim bolşy ýaly, şu günler Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Dünýä derejesindäki bu abraýly ýaryşlara türkmen türgenleri hem gatnaşýarlar. Golaýda Tokiodan diňe bir sport jemgyýetçiligini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendiren we buýsandyran hoş habar gelip gowuşdy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewa taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynyň medalyny getirdi. Ildeşimiz agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. P.Gurýewa ştangany götermegiň iki görnüşinde jemi 217 kilogram agramlygy galdyryp, ikinji orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy. Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Türkmen türgeniniň ýeňiş medaly

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana getiren Polina Gurýewa XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlarynda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Milli ýygyndy toparymyzyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik etjek sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejede geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.