Arkadagymyzyň sport taglymaty

29 Iýul 2021
957

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň dynç alyş günlerinde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerinde nusgalyk görelde bolýar.

Arkadag Prezidentimiziň öňdengörüjilik bilen sporty ösdürmekde geçirýän toplumlaýyn işleri berkarar ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär, halkymyzyň bagtyň gujagynda, bagtyýarlygyň goýnunda eşretiň hözirini görüp ýaşamagyna giň şertleri döredýär. Mukaddes Watanymyza, bagtyýar ýaşaýşa bolan buýsanjymyzy has-da artdyryp, göwünlerimizi ak ýollara ganatlandyrýar, bizi zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Çünki ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegi gönüden-göni ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň berk bedenli, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly merdana nesiller bolup ýetişmegi bilen berk baglydyr.

Bibi ARTYKOWA
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri.