Ýeňiş seniňki Watan, pälwan gyzyň adyndan

29 Iýul 2021
906

27-nji iýul tomsuň beýleki günleri ýaly adaty ýagdaýda başlady. Ýöne günorta çaglarynda adaty başlan gün täsinlige, gözellige beslendi. «Günüň dogýan ýurdunda» lowurdan kümşüň şuglasy müňlerçe kilometr uzaklykdaky Türkmenistany ýagtyltdy. Şol ýalkym ähli watandaşlarymyzyň ýüregine taryhymyzdaky ilkinji Olimpiýa medalynyň şuglasyny çaýdy. Şeýdip hem adaty ýagdaýda başlan gün sähel salymyň içinde taryha girdi oturyberdi.

27-nji iýul — Koreýa Halk Demokratik Respublikasynda Ýeňiş, Finlandiýada Düýşler güni hökmünde taryha girdi. 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa oýunlary hut şol günde başlapdy. London Olimpiadasyndan 9 ýyl soňra bolsa Türkmenistan Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly biziň döwletimizde hemişelik ýatlanyljak taryhy senä öwrüldi. Has takygy, şol gün Tokio — 2020 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan sport wekiliýetimiziň agzasy — 21 ýaşly agyr atletikaçy türgen Polina Gurýewa 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Bu şanly üstünlik diňe bir milli sportumyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.