Ajaýyp sport üstünligi

29 Iýul 2021
996

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde eziz Diýarymyz köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagaldyş hereketiniň we sportuň gülläp ösýän ýurduna öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda dünýä derejeli sport ýaryşlaryna giňden badalga berilýär. Bu günki gün ussat türgenlerimiz sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, uly ýeňiş gazanýarlar. Türkmen türgenleriniň Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dowam edýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda şowly çykyş etmekleri sport janköýerleriniň kalbyny şatlykdan doldurdy. Agyr atletikaçy türgenimiz sport bäsleşiklerinde ussatlyk görkezip, ýaşyl Tugumyzy belentde parladyp, uly ýeňiş gazandy.

Hormatly Prezidentimiziň Olimpiýa oýunlarynda çykyş etjek toparymyza iberen Ýüzlenmesinde: «Biz geljekde hem sporty ösdürmek, ýaşlarymyzyň ruhy we beden mümkinçiliklerini sazlaşykly utgaşdyrmak, halkara ýaryşlarda örän şowly çykyş etmek hem-de zerur sport tejribesini toplamak meselelerine döwlet derejesinde möhüm ähmiýet bereris» diýip bellemegi türgenlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».