Olimpiýa oýunlarynyň ählisiniň maksatnamasynda bolan fehtowaniýa boýunça ýaryşlaryň sablýa görnüşinde erkekleriň arasynda wengriýaly Aron Silagi altyn medal gazandy. Bu onuň ýekeleýin sablýa ýaryşynda gazanan 3-nji Olimpiýa altyn medaly bolup, ol 2012-nji ýylda Londonda, 2016-njy ýylda Rioda münberiň iň ýokary basgançagyna çykypdy. 31 ýaşyndaky Silagi sablýa görnüşinde 3 altyn medal alan ilkinji türgen diýlip hasaba alyndy. Bu altyn medal fehtowaniýanyň sablýa görnüşinde wengerleriň gazanan 13-nji altyn medaly boldy.