Halypa hormaty

28 Iýul 2021
875

Ol wagtlar işe ýaňy geläýen uçurlarymdy. Bu ýere gelip, ilki bilen, gözüme ilenem mekdebiň saýaly bagynyň astynda birgiden çagalary daşyna üýşürip oturan mugallymdy. Bir görseň, ala-goh, bir görseňem, sessizje bolup oturan çagalaryň hemmesiniň ünsi öňlerindäki küşt tagtasyndady. Olaryň bary mugallymlarynyň küşdüň syrly göçümleri baradaky gürrüňlerini dykgat bilen diňleýärdiler. Halypa mugallymyň ýaşajyk şägirtlerine berýän sapagy kesesinden tomaşa edeniňe şeýle bir degýärdi welin, heý, goýaý. Her gün işlerimi birýüzli edip, olaryň ýanyna howlugardym. Küşdüň syrdan doly dünýäsi meni gitdigiçe özüne imrindirip barýardy. Bir gün ýaýdana-ýaýdana Akmyrat mugallymdan küşdüň göçümlerini öwretmegini haýyş etdim. Mugallym kiçigöwünlilik bilen ak kagyzyň ýüzüne küşdüň mallarynyň göçüş hereketlerini ýeke-ýeke çyzyp görkezdi. Soňam: «Gowusy, sen şulaň ýanyna geçsene, çagalaň oýunlaryna seredibem bir zatlar öwrenersiň» diýdi-de, alty-ýedi ýaşlyja çagalaryň arasynda oturtdy.

Halypanyň her çaganyň häsiýetine görä özüni alyp barşy, olaryň hersi bilen aýratynlykda uly adam ýaly gürleşişi hoşuňa gidýärdi. Käwagtlaram: «Şu mugallymy utsaňyz, çempion bolarsyňyz» diýip, okuwçylaryny höweslendirmek üçin olary ýeke-ýekeden meniň bilen küşt oýnadardy. Şonda utulaýsam dagy: «Hany, el çarpalyň, pylany mugallymy utdy» diýip, uly şowhun dörederdi, türgenleşigi gyzykdyrardy. Bu onuň çagalaryň gursagyna ýeňşe bolan ynamy guýmasydy. Şeýdip onuň ençeme gezek türgenleşik geçýän sapaklaryna şaýat boldum. Ömrüni bu hünäre bagyş eden halypanyň küşdüň her bir göçümlerini şägirtlerine janygyp öwredişi hem aýratyn mekdepdi. Şol mekdebi geçen türgenleriň gazanýan ýeňişleri bolsa halypanyň yhlasynyň ýerine düşen miweleridi.

Hurmagül GARAMÄMMEDOWA,
Bäherden etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň tälimçi-mugallymy.