Ildeşimiziň ajaýyp ýeňşi

28 Iýul 2021
832

Mälim bolşy ýaly, şu günler Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary dowam edýär. Dünýä derejesindäki bu abraýly ýaryşlara türkmen türgenleri hem gatnaşýarlar. Golaýda Tokiodan diňe bir sport jemgyýetçiligini däl, eýsem, ähli halkymyzy begendiren we buýsandyran hoş habar gelip gowuşdy. Agyr atletikaçy Polina Gurýewa taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Olimpiýa oýunlarynyň medalyny getirdi. Ildeşimiz agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. P.Gurýewa ştangany götermegiň iki görnüşinde jemi 217 kilogram agramlygy galdyryp, ikinji orny eýeledi we kümüş medala mynasyp boldy.

Milli ýygyndy toparyň bu iri ýaryşlara gatnaşmagy biziň türgenlerimiziň ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň ýaşyl Tugunyň belende galdyryljakdygyna bolan ynamy has-da berkidýär. Ine-de, ilkinji üstünlik! Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atalyk aladasyndan ruhlanan türgenler dünýä derejesindäki üstünlikler bilen ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmaga çalyşýarlar.

Ýörite habarçymyz.