"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Buýsanja beslenen seslenmeler

«7/24.tm», №31 (62), 02.08.2021.  TOKIODA TÜRKMEN TUGY PARLADY 

Güneşli Diýaryň gyzynyň Günüň dogýan ýurdundaky üstünligi hakda...

Öňler Ýaponiýa diýilse sözüň başyny Günüň dogýan ýurdy diýen jümle bilen başlamak, onuň esasy aýratynlyklary hökmünde ösen tehnologiýalary, meşhur awtoulag öndüriji kompaniýalaryny görkezmek ählimiz üçin däp bolupdy. Mundan beýläk bolsa türkmen žurnalistleriniň ählisi Ýaponiýa hakdaky gürrüňi Günüň dogýan ýurdy diýen jümle bilen bilelikde Polinanyň üstünligi baradaky ýakymly ýatlamalar bilen başlarlar. Sebäbi güneşli Diýarymyzyň perzendi Polina Gurýewanyň Günüň dogýan ýurdunda gazanan olimpiýa medaly türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany açdy. Şonuň üçin hem indi biziň göz öňümizde Ýaponiýa diýilse, ilki bilen, Polina peýda bolar. Biziň öýümizde maşgala bolup üýşüp görülýän ýeke-täk sport ýaryşy — tomusky olimpiýa oýunlary. Tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň çykyş edýän pursatlary ähli işi bir gyra süýşürip tomaşa etmek — biziň maşgala däbimiz. 27-nji iýulda-da biz şol däbimize görä, edil öňküler ýaly maşgala bolup telewizoryň öňüne çökdük. Ýöne mawy ekranyň öňünde oturşymyz öňki dörtýyllykdakylar bilen birmeňzeş bolsa-da, ýerimizden galyşymyz düýpgöter tapawutly boldy. Ejem we gyz doganlarym buýsanç gatyşykly şatlykdan gözleri ýaşly, kakam dilinde tüweleme bilen Polinanyň ýeňşini garşylan bolsa, men-ä dogrusy, uzyn sesime gygyryp, taryhy medalyň getiren tolgunmasyny daşyma çykardym. Hakykatyň hatyrasyna aýtsam, iň söýgüli sport görnüşimiň futboldygy

Türkmenistanly türgen Polina Gurýewa — Olimpiýa medalynyň eýesi

Ýaponiýada geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Polina Gurýewa 27-nji iýulda, bu olimpiýa oýunlarynyň Türkmenistan üçin ilkinji medalyna mynasyp boldy. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda ezberlik bilen çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medalyň eýesi boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Hormatly Prezidentimiziň  XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistana wekilçilik edýän sport wekiliýetiniň agzalaryna iberen Ýüzlenmesinde bellenilişi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr. Türgenlerimiziň halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanýan ajaýyp üstünlikleri jemgyýetimizde eziz Watanymyza bolan söýgini terbiýeleýär, halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini has-da pugtalandyrýar.

Ýaponiýadan hoş habar

Bu gün geldi hoş habar, bezäp sporta ak ýoly,Polinanyň ýeňişi çaýdy şatlyk ahwaly.Sport, saglyk türkmeniň täze güllän ykbaly,Gurýewanyň güýji,Başda mertebe täji,Türkmen – ýapon gatnaşyk bolup mydam rowana. Pälwan gyz orta çykdy – köňüllerde zerewşan,Gör, agyr atletikany göteripler dünýä şan.Ak ýollarda ak patany söýläp berdi Kerem Şa!Sport täze pelsepe,Ýollaryna gül sepen,Bu ýeňişe ilim şat, Göge galdy howala.

Käbe kelamy

Men bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenany. Gyzym Polinanyň gazanan kümüş medaly diňe bir maşgalamyzy däl, tutuş halkymyzy buýsandyrdy. Her bir türgeniň gazanýan üstünligi hormatly Prezidentimiziň sporty ösdürmek barada edýän aladalarynyň netijesidir. Gyzym Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýola düşende «Käbäm, men medalsyz dolanmaryn. Öz öňümde maksat goýdum. Oňa ýetmek üçin elimde baryny gaýgyrman» diýen pursady gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Dogrymy aýdaýyn, begendim hem ynandym. Polina sözünde tapylyp, şol ynamy doly ödedi. Men şol tolgundyryjy pursatlary internetiň üsti bilen yzarladym. Dogrusyny aýtsam, öte tolgundym. Onuň medal gazanandygyny görenimde bolsa begençden göz ýaşlarymy saklap bilmedim. Gyzymyň bu üstünligi hormatly Prezidentimize, mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlamagy has-da guwandyrdy.

Tokio täsirleri

ýa-da Tokio Olimpiadasynyň kümüş medalynyň eýesi Polina Gurýewa bilen sanly ulgam arkaly guralan söhbet XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň gyzgalaňly dowam edýän günleri türkmen sportunyň taryhyny hem ebedilik bezedi. Türkmen Tugunyň Günüň dogýan ýurdunda türgenimiziň olimpiýa medalynyň nyşany hökmünde belende galdyrylýan taryhy pursatlary watandaşlarymyzyň ählisini bagtyýar etdi. 2021-nji ýylyň 27-nji iýuly türkmen sportunyň üstünlikleriniň ýyl ýazgysyna iň möhüm seneleriň biri hökmünde girdi. Şol gün Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň talyby, Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly türgeni Polina Gurýewa Watanymyzyň baýrak gaznasyny XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medaly bilen baýlaşdyrdy. Biz bu taryhy wakanyň yzysüre iri sport ýaryşynyň agyr atletika bäsleşiginde umumylykda 217 kilogram agyrlygy göterip, hem-ä ýurdumyza Olimpiýa medalyny getirmegi, hem-de öz şahsy rekordyny täzelemegi başaran türgenimiz bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly söhbetdeşlik guradyk.

Taryhy üstünlikden soň sere gelen setirler

Geçen asyryň 90-njy ýyllarynda adygan agyr atletikaçymyz Altymyrat Orazdurdyýewiň öz agramyndaky islendik agyrlygy ýeňillik bilen göterýän döwürleri dürli sebäplere görä Olimpiýa arzuwyna ýetip bilmändigi janköýerlerimiziň hakydasynda bolsa gerek. Ondan bäri niçe ýyllaryň geçendigine garamazdan, sport ussatlaryndan galan mirasyň haçan-da bolsa bir wagt saýlama türgenlerimiziň esasy arzuwyna – Olimpiýa medalyna ýetirjekdigine ynamymyz bardy... Hawa, nobatdaky XXXII Olimpiýa oýunlary Günüň dogýan ýurdunda Ýaponiýada geçýär. Geçen dünýä çempionatynyň ýa-da Aziýa çempionatynyň medallaryny gazanan agyr atletikaçylar Tokio-2020-de hem baş baýraklar ugrunda göreş alyp bararlar diýlip çaklanylypdy. Köpleriň bu pikiri hakykatdan daşda däldi. Sebäbi nähili ýaryşdygyna garamazdan, diýseň ynamly çykyş edýän hytaýly, filippinli, kanadaly, russiýaly, hytaý taýpeýli, fransiýaly, ýaponiýaly... türgenleriň dörtýyllygyň esasy ýaryşynyň öňüsyrasyndaky görkezen netijeleri şeýle netijä gelmäge esas berýärdi. Başga bir tarapdan bolsa, türkmen agyr atletikaçylaryna olar bilen mynasyp bäsleşmäge uly mümkinçilik döräpdi. Ildeşlerimiziň ýakynda Daşkentde geçirilen Aziýa birinjiliginde görkezen netijeleri olardan şowly çykyşa garaşmaga esas berýärdi. Tomusky oýunlara gatnaşýan bäş agyr atletikaçymyzyň (Hojamuhammet Toýçyýew +109 kg, Öwez Öwezow 109 kg çenli, Rejepbaý Rejepow 81 kg çenli,

Çyn şägirtler halypadan bellidir

Mahal-mahal kyrk ýyly alarladyberen zähmet ýolumda ― žurnalistik kärimiň dowamynda ulanan ýandepderçelerime göz aýlamak edähedim bar. Olar maňa ömrümiň agramly böleginde gören-eşidenlerimden, Muhammet Çerkez, Amandyr Atamyrat Gurbandurdy, Çary Aşyr, Nagym Aşyr, Eziz Derýa ýaly belli edebiýat hem sungat işgärleri bilen söhbetdeş bolan pursatlarymy ýatladýar. Elbetde, ýandepderçelerimdäki ýazgylarda ýurdumyzyň sport ulgamynyň wekilleriniň pikir-garaýyşlaryny, ömür ýoluny yzarlaýan setirlerem az däl. Özem nämüçindir, olaryň arasynda agyr atletika agdyklyk edýän ýaly bolup dur. Sebäbini düşündirjek bolaýyn. Halypa žurnalistimiz Batyr Hally bilen arzyly olimpiýa medalyny azruw edip, pikir alşan gezeklerimiz az bolmandy. Her gezegem sportuň haýsy görnüşinden has uly üstünlige garaşyp boljakdygy baradaky meselede pikirimiz gabat gelerdi. Asylly däpleri hem nusgalyk mekdebi bolan agyr atletika, şeýle hem göreş ugurlaryna aýratyn üns berilse, irde-giçde köp garaşdyran olimpiýa medalynyň ýalkymyna gözümiziň düşjekdigine ynamymyz uludy. Anyg-a bilemok, belki, şonuň üçindir, ýandepderçelerimdäki sporta degişli ýazgylaryň esasy gahrymanlarynyň köpüsi agyr atletika dahylly. Altymyrat Orazdurdyýew, Oleg Komlew, Artur Emirýan, Ikram Matkarimow, Umurbek Bazarbaýew, Tolkunbek Hudaýbergenow, Kristina Şermetowa... Ine, ýakynda ata Watanymyza garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji ol

Ýeňişleri ýaran edinen doganlar

MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça ilkinji professional türgenlerimiziň biri Şöhrat Orazgeldiýew bilen her duşuşygymyzdan soň, elimiň galama uzamagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. Çünki onuň ýeňişli ýoluny bezeýän üstünlikleriň yzygiderli artmagy munuň üçin degerli esas. Ine, bu gezek hem şeýle boldy. Onuň gürrüň berýän täzeliklerini ýandepderçäme belläp oturşyma bu gezekki ýazgymda onuň agasy we tälimçisi Orazgeldiniň hem sport ýoluna ünsi çekmegi ýüregime düwdüm. Galyberse-de, doganlaryň meşgullanýan sport görnüşiniň has çynlakaý we içgin taýýarlygy talap edýändigini, onuň başa-baş göreşleriň ählisiniň aýratynlyklaryny özünde jemleýändigini göz öňünde tutsaň, munuň okyjylar üçin täsirli boljakdygyna-da ynamyň artýar. Aslynda, Orazgeldiýewleriň maşgala agzalarynyň birnäçesi MMA başa-baş söweşleriň garyşyk görnüşi boýunça milli mekdebimiziň üstünliklerine özleriniň ajaýyp netijeleri bilen şärik boldular. Bu maşgalada ussatlary ýetişdirmegiň hötdesinden gelen tälimçiniň-de, dünýäniň we yklymyň çempionynyň-da, eýýäm halkara ýaryşlarynyň medallaryndan çemen baglamagy başaran ýetginjegiň hem bolmagy olaryň sportuň şu görnüşi bilen meşgullanmagy nebere ýörelgesine öwrendiginden nyşandyr. Şöhrat Orazgeldiýewiň iri halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri:

Mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy üs­tün­li­gi

Bi­lim ber­ýän ta­ly­by­my­zyň — Po­li­na Gur­ýe­wa­nyň olim­pi­ýa üs­tün­li­gi­ne eýe bol­ma­gy Ar­ka­dag Pre­zi­den­ti­mi­ziň mil­li spor­tu­my­zy ta­ry­hy üs­tün­lik­le­re, tä­ze be­lent­lik­le­re ýe­tir­mek ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­nyň mi­we­si bo­lup, her bi­ri­mi­ziň ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Çün­ki Wa­ta­ny­myz­da sport bi­len hü­när de­re­je­sin­de meş­gul­lan­mak üçi­nem, kä­mil­leş­mek üçin hem ze­rur bo­lan şert-müm­kin­çi­lik­le­riň äh­li­si dö­re­di­len. Ine, şu­nuň esa­syn­da hem, biz tä­lim­çi­le­riň, sport ug­run­dan bi­lim ber­ýän mu­gal­lym­la­ryň aza­by, yh­la­sy has-da ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. El­bet­de, ze­hin­li gy­zyň yh­la­sy, hy­ju­wy, mak­sa­daok­gun­ly­ly­gy onuň uly üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýan­dy­gy­ny äş­gär ed­ýär­di. Onuň özü­ne bo­lan yna­my he­re­ket­le­rin­de aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar­dy. Ýo­ka­ry okuw mekde­bi­miz­de özü­ni he­mi­şe gö­rel­de­li ta­rap­dan gör­ke­zen Po­li­na­nyň bu üs­tün­li­gi mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­na uly sow­gat bol­dy. Şol se­bäp­den hem, biz mil­li spor­tu­my­zyň ta­ry­hy­ny olim­pi­ýa üs­tün­li­gi bi­len be­zän ta­ly­by­my­za ge­le­jek­de hem iň uly üs­tün­lik­le­riň ýa­ran bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris. To­kio Olim­pia­da­sy­na gat­naş­ýan beý­le­ki tür­gen­le­ri­mi­ze hem ýe­ňiş­ler ýar bol­sun! Türk­men spor­tu­ny şeý­le uly üs­tün­lik­le­re ýe­ti­ren Gah­ry­

Bürünç medally türgen

Golaýda Serbiýada bu ýurduň küşt federasiýasy tarapyndan guralan halkara ýaryş – International OPEN «Paracin 2021» geçirildi. Dürli ýurtlardan gelen küştçüler iki derejeli toparda – «A» we «B» toparlarda bäsleşdiler Güýçli türgenleri özünde jemlän «A» toparynda kyrk ýurtdan baran 180 türgen bilen bilelikde türkmen küştçüsi Meýlis Annaberdiýew-de bäsleşdi. 9 tapgyrdan ybarat bolan oýunlar şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Meýlis alty oýunda ýeňiş gazandy, ikisini deňlikde tamamlady, bir gezegem ýeňlişe sezewar boldy. Şeýlelikde, ol mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk gazandy.

Ussat hünärmen

Biz golaýda Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň kikboksing boýunça tälimçi mugallymy Orazmuhammet Kömekow bilen söhbetdeş bolduk. – Orazmuhammet aga, söhbetdeşligimize sport ýolunda gazanan üstünlikleriňiz baradaky gürrüňler bilen başlaýalyň.

Taryhda şu gün

Tennis äleminiň ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan belarusly Wiktoriýa Azarenko şu gün doglan gününi belleýär. 1989-njy ýylyň 31-nji iýulynda dünýä inen belarusly tennisçi 2012-nji hem-de 2013-nji ýyllarda «Uly tuwulga» bäsleşikleriniň hataryna girýän Awstraliýanyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazanmagy başardy. WTA-nyň bäsleşikleriniň 21-sini öz peýdasyna tamamlan Azarenko 2012-nji ýylda Londonda geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn hem-de bürünç medala mynasyp boldy. Ýekelikde çykyş etmekde üçünji orny eýelän bolsa, onda onuň Maks Mirnyý bilen bilelikdäki çykyşy altyn medal bilen belgilendi. ***

Ilkinji Olimpiýa medaly

Türkmenistan 21 ýaşly agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa bilen taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Bu taryhy waka şu hepdäniň sişenbe güni Tokio ― 2020-niň çägindäki agyr atletika ýaryşlarynyň zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçdi. Şol gün öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli 14 türgeniniň arasynda ýaryşan ildeşimiz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Şunda Polina Gurýewanyň ştangany silterläp götermekde 96, iteklemekde bolsa 121 kilogram agyrlygy eýgerendigini aýtmak gerek. Bu netijeler, şol bir wagtyň özünde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgeniniň şahsy rekordlarydyr.

Tagalla edilýär

Ilkinji aladalaryny öz halkyna bagyş edýän hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligindäki abraý--mertebesi barha belende galýar. Milli Liderimiziň ynsan saglygyny berkitmek we gorap saklamak ugrunda durmuşa geçirýän işleriniň bimöçberdigi halkymyzyň ruhuny belende göterýär. Ynsan saglygyna uly täsir edýän zatlaryň biri-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakdyr. Çünki, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak ynsanyň saglygyna hem-de özüni duýşuna oňyn täsir edip, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik we zähmetsöýerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri ýüze çykarýar.

Sport syýasatynyň gadamlary

Giň gerime eýe bolýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly mynasybetli ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen sport ýaryşlary we çäreleri ýygy-ýygydan guralýar.

Sagdynlygyň egsilmez çeşmesi

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek arkaly halkymyzyň saglygyny goramakda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýar. Bu aýdýanlarymyza döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ulanmaga berlen döwrebap stadionlaryň, sport mekdepleriniň we dürli sport desgalarynyň ýaşlaryň gelim-gidimli mekanyna öwrülendigem şaýatlyk edýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirildi. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanunyny ýatlamak ýerlikli bolar. Möhüm ugry ösdürmegiň döwrebap kanunçylygy gowy netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany artyp, türgenlerimiziň Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny goramakda gazanýan üstünlikleri guwandyrýar. Sportuň sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydygy şübhesizdir. Şonuň üçinem sport her birimiziň hemramyz bolmalydyr.

Türkmen türgeniniň üstünligi

27-nji iýulda Ýaponiýadan şatlykly habar gelip gowuşdy — XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň medalyny taryhda ilkinji gezek Türkmenistana Polina Gurýewa getirdi. Ol agyr atletika boýunça ýaryşlarda çykyş edip, 59 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medala mynasyp boldy. Bu agram derejesinde dünýäniň 14 ýurdunyň wekilleri bäsleşdiler. Türkmenistana ilkinji Olimpiýa medalyny getiren türgen gyzyň üstünlikleri barada ýatlasak, 2017-nji ýylyň maýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan altyn medal, 2018-nji ýylyň martynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda gazanylan bürünç medal barada aýtmak gerek. Polina Gurýewa ýene-de iki sany uly ýaryşda — 2019-njy ýylyň aprelinde Fiji Respublikasynda geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda hem-de 2021-nji ýylyň aprelinde Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynda dördünji orny eýelemegi başardy.

Ýaş türgenleriň aladasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta uly üns berilýär, ýaşlaryň döwrebap derejede türgenleşmegi, sportda taplanmagy hem-de ýokary sepgitleri eýelemegi ugrunda giň mümkinçilikler açylýar. Bu zatlar sporta höwesli ýaşlarda çäksiz guwanç-buýsanç duýgusyny döredýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gurlan sport mekdepleri bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ruhubelent ýaşlarymyzyň söýgüli ýerlerine öwrüldi. Ýaşlar şol mekdeplerde türgenleşik sapaklaryny geçip, sportda barha taplanýar. Munuň şeýledigine Gökdepe şäherindäki sport mekdebinde bolanyňda hem göz ýetirip bolýar. Mekdep okuwçylarynyň häzirki tomusky dynç alyş günlerinde hem çagalar bu mekdepde hereket edýän sport görnüşlerine höwesli gatnaşýarlar.

Rus­si­ýa­ly ta­ek­won­do­çy­la­ryň il­kin­ji al­tyn me­dal­la­ry

Il­kin­ji ge­zek 2000-nji ýyl­da (1988-nji we 1992-nji ýyl­lar­da sy­nag hök­mün­de bäs­le­şik­ler ge­çi­ri­lip­di) Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na gi­ri­zi­len sportuň ta­ek­won­do görnüşi boýunça ýa­ryş­lar ta­mam­lan­dy. Er­kek­le­riň ara­syn­da 80 kg ag­ram­da we 80 kg ag­ram­dan ýo­ka­ry de­re­je­le­rin­de rus­si­ýa­ly tür­gen­ler Mak­sim Hram­sow bi­len Wla­dis­law La­rin al­tyn me­dal ga­zan­dy. Şun­luk­da, rus­si­ýa­ly ta­ek­won­do­çy­lar il­kin­ji ge­zek Olim­pi­ýa al­tyn me­da­ly bi­len ta­nyş bol­du­lar. Hram­sow fi­nal­da ior­da­ni­ýa­ly Sa­leh Al-Şa­ra­ba­ti­den, La­rin bol­sa De­mir­ga­zyk ma­ke­do­ni­ýa­ly De­ýan Ge­or­gi­ýews­ki­den üs­tün çyk­dy. Kü­müş me­dal alan iki tür­gen hem öz ýurt­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky ikin­ji Olim­pi­ýa me­dal­la­ry­ny ga­zan­dy­lar. Ior­da­ni­ýa­dan mun­dan öň 2016-njy ýyl­da Ah­mad Abu-Ga­uş ta­ek­won­do­dan al­tyn me­dal alyp­dy. 2000-nji ýyl­da-da Ma­go­med Ib­ra­gi­mow gö­reş­de bü­rünç me­dal ga­za­nyp, Olim­pi­ýa me­da­ly­ny alan il­kin­ji ma­ke­don tür­ge­ni bo­lup­dy.