Ilkinji gezek 2000-nji ýylda (1988-nji we 1992-nji ýyllarda synag hökmünde bäsleşikler geçirilipdi) Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň taekwondo görnüşi boýunça ýaryşlar tamamlandy. Erkekleriň arasynda 80 kg agramda we 80 kg agramdan ýokary derejelerinde russiýaly türgenler Maksim Hramsow bilen Wladislaw Larin altyn medal gazandy. Şunlukda, russiýaly taekwondoçylar ilkinji gezek Olimpiýa altyn medaly bilen tanyş boldular. Hramsow finalda iordaniýaly Saleh Al-Şarabatiden, Larin bolsa Demirgazyk makedoniýaly Deýan Georgiýewskiden üstün çykdy. Kümüş medal alan iki türgen hem öz ýurtlarynyň taryhyndaky ikinji Olimpiýa medallaryny gazandylar. Iordaniýadan mundan öň 2016-njy ýylda Ahmad Abu-Gauş taekwondodan altyn medal alypdy. 2000-nji ýylda-da Magomed Ibragimow göreşde bürünç medal gazanyp, Olimpiýa medalyny alan ilkinji makedon türgeni bolupdy.