Sagdynlygyň egsilmez çeşmesi

30 Iýul 2021
810

Ajap eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmek arkaly halkymyzyň saglygyny goramakda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da rowaçlanýar. Bu aýdýanlarymyza döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, ulanmaga berlen döwrebap stadionlaryň, sport mekdepleriniň we dürli sport desgalarynyň ýaşlaryň gelim-gidimli mekanyna öwrülendigem şaýatlyk edýär.

Bagtyýarlyk zamanamyzda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirildi. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Türkmenistanyň “Bedenterbiýe we sport hakynda” Kanunyny ýatlamak ýerlikli bolar. Möhüm ugry ösdürmegiň döwrebap kanunçylygy gowy netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sany artyp, türgenlerimiziň Garaşsyz döwletimiziň sport abraýyny goramakda gazanýan üstünlikleri guwandyrýar. Sportuň sagdynlygyň, ruhubelentligiň gözbaşydygy şübhesizdir. Şonuň üçinem sport her birimiziň hemramyz bolmalydyr.