Güneşli Diýaryň gyzynyň Günüň dogýan ýurdundaky üstünligi hakda...

2 Awgust 2021
1018

Öňler Ýaponiýa diýilse sözüň başyny Günüň dogýan ýurdy diýen jümle bilen başlamak, onuň esasy aýratynlyklary hökmünde ösen tehnologiýalary, meşhur awtoulag öndüriji kompaniýalaryny görkezmek ählimiz üçin däp bolupdy. Mundan beýläk bolsa türkmen žurnalistleriniň ählisi Ýaponiýa hakdaky gürrüňi Günüň dogýan ýurdy diýen jümle bilen bilelikde Polinanyň üstünligi baradaky ýakymly ýatlamalar bilen başlarlar. Sebäbi güneşli Diýarymyzyň perzendi Polina Gurýewanyň Günüň dogýan ýurdunda gazanan olimpiýa medaly türkmen sportunyň taryhynda täze sahypany açdy. Şonuň üçin hem indi biziň göz öňümizde Ýaponiýa diýilse, ilki bilen, Polina peýda bolar.

Biziň öýümizde maşgala bolup üýşüp görülýän ýeke-täk sport ýaryşy — tomusky olimpiýa oýunlary. Tomusky Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň çykyş edýän pursatlary ähli işi bir gyra süýşürip tomaşa etmek — biziň maşgala däbimiz. 27-nji iýulda-da biz şol däbimize görä, edil öňküler ýaly maşgala bolup telewizoryň öňüne çökdük. Ýöne mawy ekranyň öňünde oturşymyz öňki dörtýyllykdakylar bilen birmeňzeş bolsa-da, ýerimizden galyşymyz düýpgöter tapawutly boldy. Ejem we gyz doganlarym buýsanç gatyşykly şatlykdan gözleri ýaşly, kakam dilinde tüweleme bilen Polinanyň ýeňşini garşylan bolsa, men-ä dogrusy, uzyn sesime gygyryp, taryhy medalyň getiren tolgunmasyny daşyma çykardym. Hakykatyň hatyrasyna aýtsam, iň söýgüli sport görnüşimiň futboldygyna seretmezden, heniz hiç bir futbol topary hem on bir adam bolup meni Polinanyň bir özüçe tolgundyryp bilmändi. Men-ä ozalam sporta muşdak adamdyryn welin, sportdan uzagrak ýaşaýan öýdäkileriň begenşini diýsene. Polina medal gowşurylan pursatlarda şatlygyndan meni gujaklan ejemiň aýalaryndaky tirpildi edil şol pursatda alys Tokioda boýnuna taryhy kümüş medaly dakyp duran Polinanyň ýürek urgusy bilen des-deňdi diýsem lap etdigim bolmaz. Eýsem, bir asmanyň astynda bile ýaşaýan, bir Watanyň şatlygyny, gussasyny des-deň paýlaşýan ildeşiň şeýle taryhy üstünlik gazanar-da, begenmän bolarmy?! Men şu wagt bu medalyň gazanylan pursatynda biziň kiçijek maşgalamyza ulaşan şatlygy hakda gürrüň berdim. Indi siz bu şatlygyň tutuş Diýarymyza çaýylyp, halkymyzyň ýüzlerinde, gözlerinde peýda bolan keşbine bir serediň. Bu medal bütin türkmen ülkesine bimöçber şatlyk we buýsanç paýlady. Häzir her bir türkmen maşgalasy Polinany özüniň perzendinden artyk görmese, kem görenok. Çünki onuň gazanan medaly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna türkmen sportunyň adyndan iň mynasyp toý serpaýydy.

Taýýarlan: Mätgurban MÄTGURBANOW,
«Biznes reklama».