Oba hojalygy: bahar aladalary

15 Mart 2021
754

Baýramaly etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetmyrat Aşyrow hojalykda öňdebaryjy kärendeçileriň biridir. Onuň 6 gektar kärende ýeri bolup, oňa bugdaýdyr pagta ekip, her ýyl bereketli hasyl almagy başarýar.

Muhammetmyrat aga üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hasyly üçin kärende ýerine bugdaý ekdi. Ol «Yhlasly ideg — gowy netije» diýlenine eýerip, ak ekiniň idegini kemsiz ýetirýär. Ol şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işleri bilen meşgul bolýar.