Milli Liderimiziň be­ýik baş­lan­gy­jy:

14 Mart 2021
1056

Ta­ry­hyň sa­ra­lan sa­hy­pa­la­ryn­dan bil­şi­miz ýa­ly, ata Wa­ta­ny­myz ga­dy­my eke­ran­çy­ly­gyň dö­rän me­ka­ny­dyr. Bu gün bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­lan­gy­jy bi­len bol­çu­ly­gyň, be­re­ke­diň ýur­du­dyr. Eke­ran­çy­ly­gyň esa­sy şert­le­ri­niň bi­ri suw bol­çu­ly­gy­dyr. Dün­ýä­de uzyn we süý­ji suw­ly der­ýa­la­ryň bi­ri bo­lan Amy­der­ýa­nyň ha­na­sy­nyň köp bö­le­gi döw­le­ti­mi­ziň çä­gin­den akyp geç­ýär. Ýur­duň äh­li eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­niň 95 gö­te­ri­me go­la­ýy şu der­ýa­nyň kö­me­gi bi­len su­wa­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan suw se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­ly we re­je­li peý­da­lan­ma­gyň, ony eg­sil­mek­den we ha­pa­lan­mak­dan go­ra­ma­gyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan has ne­ti­je­li usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny düz­gün­leş­dir­mek ba­bat­da hem yzy­gi­der­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ila­ty­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­mak hem-de arassa agyz su­wy bi­len üp­jün et­mek üçin 2010-njy ýy­lyň 4-nji okt­ýab­ryn­da «Agyz su­wy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny güý­je gir­di. 2011-nji ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň ilat­ly ýer­le­ri­ni aras­sa agyz su­wy bi­len üp­jün et­me­giň Baş mak­sat­na­ma­sy­ny tas­syk­la­dy. Bu mak­sat­na­ma­da ila­ty­my­zy, şeý­le hem uzak­da­ky şä­her­çe­le­riň we öri meý­dan­la­ryň suw üp­jün­çi­li­gi­ni düýp­li go­wu­lan­dyr­mak göz öňün­de tu­tul­ýar. Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, ak şä­he­ri­miz Aş­ga­bat­da, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de, şä­her­ler­de we oba­lar­da suw aras­sa­la­ýan des­ga­lar we öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan suw ge­çi­ri­ji­ler hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na be­ril­ýär. Ge­çen ýyl­la­ryň için­de ýur­du­myz­da agyz suw za­wod­la­ry gur­lup, hal­ky­my­zyň hyz­ma­ty­na be­ril­di.

Ars­lan GUR­DOW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky TOHU-nyň mu­gal­ly­my.