Nar we injir baglarynyň idegi

14 Mart 2021
900

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky subtropiki ekinleri ösdürip ýetişdirýän daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem nar, injir, alma we beýleki gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmekde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Geçen ýyl daýhan birleşiginde 270 gektar meýdany tutýan nar agaçlaryndan, 12 gektar meýdany tutýan injir agaçlaryndan ýokary hilli önüm alyndy. Has takygy, geçen ýyl daýhan birleşigi boýunça naryň we injiriň bol hasyly ýetişdirildi. Bu bolsa daýhan birleşigiň kärendeçileri tarapyndan bellenilen şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigini aňladýar. Şeýle hem daýhan birleşigiň 15 gektar meýdanynda ýaş alma nahallary oturdylyp, olara ýokary derejede ideg edilýär. Tejribeli kärendeçiler Döwletýar Berkeliýew, Oguldursun Gaýypowa, Maýa Şapoladowa, Gubadan Berdiýewa daýhan birleşikde gazanylan üstünliklere özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Birleşigiň ussat kärendeçi bagbanlary baglara yhlasly hyzmat etmek bilen, miwe berýän agaçlaryň ýokary hasyl bermegi we ýaňy oturdylan nahallaryň kadaly boý almagy üçin agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda iş alyp barýarlar.

Şu günler kärendeçi bagbanlar baglaryň ak güllere bürenen meýdanlarynda möhüm çäreleri amala aşyrýarlar. Miweli agaçlara ideg işlerini ýokarlandyryp, olardan bol hasyl almak ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler.

Saparmyrat HAKMYRADOW,
öz habarçymyz.