Kiwi agajyny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär

14 Mart 2021
1205

Ata Watanymyzda dürli ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge, olardan datly miwedir ir-iýmişleri we gök-bakja ekin önümlerini almaga uly mümkinçilikler bar. Şoňa görä-de, biziň tebigatymyzyň ýabany ösümlik dünýäsi hem örän köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Ygally ýyllarda bahar aýlary dagetek düzlüklerinde, çöllük we sähra meýdanlarynda ýuwa ösümliginiň agdyklyk etmegi soganyň mekanydygyny aňlatsa, türşegiň bolmagy gawunyň, garpyzyň, ýabany sülebaşyň bolmagy süläniň, arpagan bolsa arpanyň, bugdaýyň ýabany görnüşleriniň bolmagy ak bugdaýyň watanydygyny ýene bir gezek subut edýär. Şeýle hem eziz Diýarymyz özge ýerlerde gaýtalanmaýan dürli görnüşdäki ir-iýmişleriň, şirinden-şeker miweleriň watanydyr.

Mähriban ene topragymyzda öz Watanymyza mahsus bolan ekinlerden başga-da, gaýry ýurtlardan getirilip ekilýän, asla toprak-howa şertleri düýbünden başga bolan pürli agaçlar — eldar sosnasyny, možžewelnik, kiparis we tuýa arçasy ýaly agaçlaryň tohumyny ýygnamak, olary ösdürip ýetişdirmek tärlerini işläp düzmek ýa-da ozal ýabany ösýän meýdan ekinleri bolan türkmen arçasyny, ak sazagy, gyzyl gülälegi, üzärligi, göýüli ekerançylyk medeniýetine salmakda uly işler geçirilýär. Lebap welaýatynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilýän, watany Gündogar Aziýa bolan Pawloniýa agajyny muňa mysal getirmek bolar. Bu agaç köp kislorod bölüp çykarmak bilen, howany arassalaýar we ýeňil gurluşyk senagaty üçin çig mal bolup hyzmat edýär. Mundan başga-da, welaýatyň çäginde gawun agajynyň birnäçe ýyldan bäri hasyly alnyp gelinýär.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.