Sakarçägäniň banany

14 Mart 2021
889

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň döredip berýän diýseň amatly şertlerinden peýdalanyp, ene topraga yhlasly ýapyşmak bilen, daşary ýurtlardan getirilýän azyk önümleriniň ornuny tutýan önümleriň bolçulygyny döretmäge isleg bildirýän işeňňir adamlaryň, telekeçileriň, hususyýetçileriňdir hojalyk jemgyýetiniň sany üzül-kesil artdy. Üç-dört ýyllykda Sakarçäge etrabynyň «Geňeş» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşen «Ferhar» hojalyk jemgyýeti hem şeýle asylly işe uly höwes bilen goşuldy. 2017-nji ýylda bu ýerde gurlan ýyladyşhanada oturdylan 2 müň düýp «Grantnina» görnüşli banan nahallarynyň biziň toprak-howa şertlerimize çalt uýgunlaşmagy, kesele durnuklylygy, öz-özünden köpelýändigi bilen ony ekip ýetişdirenleriň göwünlerini galkyndyrdy, bu ekine bolan höweslerini has hem artdyrdy. Sebäbi boýy 6 metre, esasy köküniň uzynlygy bolsa, 4 metre ýetýän banan agajynyň iň söýgüli iýmitiniň goýun, sygyr dersi ýaly ýerli dökünlerdigi, goşmaça-da möwsümine görä, azot, fosfor, kaliý ýaly mineral dökünleriň hem ýeterlik mukdaryny peýdalansaň, ýyladyşhanany daşky howa ýagdaýyna laýyklykda 24 — 30 gradus gyzgynlykda, 60 — 70 göterim derejedäki çyglylykda saklasaň, onda bu ekiniň eýesini dilgir etmejekdigine hojalyk jemgyýetiniň işewürleri ilkinji ýylda ymykly göz ýetirdiler.

Şeýlelikde, jemi 1,32 gektar meýdany tutýan banan ýyladyşhanasyndan 2019-njy ýylda 49 tonna, 2020-nji ýylda 51 tonna banan hasyly alyp, alyjylara ýetirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly tutum bilen belleniljek ýylynda bolsa, öz işine yhlasly işewür adamlaryň 7-sinden ybarat bolan hojalyk jemgyýeti görkezijilerini ep-esli artdyrmak bilen, Baş baýramçylygymyzy şöhratlandyrmagy maksat edinýärler. Şonuň üçin häzir bu ýerde ýyladyşhana şertlerinde amala aşyrylmaly derwaýys işler depginli hem-de ýokary hilli dowam etdirilýär. Bu işlerde Nepes Welliýew, Rahat Çalyýew ýaly işçiler işdeş ýoldaşlaryna nusga alarlyk zähmet çekýärler.

Gurbandurdy MAWYÝEW,
TAP-nyň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.