Topraga siňen yhlas

10 Mart 2021
715

Kärendesine ýer almak üçin Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşigine gelen Hangeldiniň islegi kanagatlandyrylanda, ol guş bolup uçupdy. Topraga yhlas etseň, seni dilgir etmeýär. Oňa siňdiren yhlasyň bol hasyl bolup gaýdyp gelýär. Bu hakykata oňat düşünýän Hangeldi işini, ilki bilen, özüne bölünip berlen ýeri öwrenmekden başlady. Bugdaýa agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etdi. Şeýdibem, ene toprakdan bol hasyl almagyň usullaryny kemsiz özleşdirdi.

Hangeldi geçen ýylda ideg eden 2 gektar kärende ýerinden 10 tonna golaý guşgursak däne alyp, Watan harmanyna tabşyrdy.

Oguljemal GURBANMÄMMEDOWA,
Serdar şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy.