Jogapkärli möwsüme taýýarlyk

10 Mart 2021
664

GIŇ GERIMLI IŞLER
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde welaýatymyzyň ähli ýerlerinde golaýlap gelýän ýazky gowaça ekişi möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerime eýe bolýar. Zähmetsöýer babadaýhanlar özleriniň gözegçiligindäki meýdanlarynda ähli zerur çäreleri ýokary hilli geçirmek ugrunda ýadawsyz alada edýärler. Munuň özi şu ýylyň bereketli hasylynyň berkden tutulyp, onuň bu babatdaky guwandyryjy netijelere beslenmegine şert döredýär. Şeýle belent maksatlary öz öňlerinde goýýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Medeniýet» daýhan birleşiginiň kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýunyň toýlanýan ýylynda uly zähmet üstünliklerini gazanmak ugrunda şu günlerden gaýratly zähmet çekýärler. Olar gowaça ekişiniň geçirilmegi göz öňünde tutulan 450 gektar ýeri möwsüme taýýarlamak işlerini batly depginde dowam etdirýärler. Häzirki wagtda ekişe taýýar edilen ýerlerde suw tutmak işi alnyp barylýar. Hojalykda suw sorujy enjamlaryň 10-dan gowragy hereket edýär. Olaryň bökdençsiz işledilmegi, degişli jogapkär hünärmenleriň gözegçilik etmegi netijesinde suw tutulan ýerleriň gektar sany barha artýar.
Çynar BERDIKULYÝEWA,
TAP-niň welaýat komitetiniň baş hünärmeni.

* * *