Şu günki hereket — ertirki bereket

10 Mart 2021
795

«Ýer berseň akary bilen, mal berseň bakary bilen» diýen ata-babalarymyzyň dana hikmetine uýýan babadaýhanlarymyzyň şu günlerde aladalary ýetik. Ýere yhlas edip, onuň ideginde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmazdan çeken janypkeşlikli zähmetleri Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň bugdaý öndürmekde gowy netijeleri gazanmaklaryna mümkinçilik berýär. Hojalykda şu ýylyň bereketli hasyly üçin geçen ýylyň güýz aýlarynda 1280 gektar ýerde bugdaý ekişi geçirilip, ýokary hilli gögeriş gazanylypdyr. Şonça gektar ýere daýhançylykda baý iş tejribe toplan kärendeçileriň 482-si eýeçilik gözi bilen garap, ideg işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyk berjaý edýärler.

— Daýhan üçin ýylyň islendik wagtynda edere iş tapylýar. Ýagny ýapdyr salmalary arassalamaly, esasan hem, gyş paslynda ak ekinleriň idegini ýetirmeli bolýar. Saçaklarymyzyň rysgal-berekedi hasaplanylýan bugdaýyň bol hasylynyň ösdürilip kemala getirilmegine birleşigimizde uly ähmiýet berilýär. Gallaçy kärendeçilerimiziň her bir işiň abyny-tabyny kemsiz ele alyp, işjeňlik görkezmekleri netijesinde, her ýyl tohum sepilen meýdanlarda boldumly hasyl ýetişdirilip, bugdaý öndürmekde has ýokary sepgitler eýelenilýär. Geçen ýyl hojalygymyzda orak möwsüminde 1260 gektar ýerden tejribeli gallaçy daýhanlaryň 516-synyň gaýratly zähmeti netijesinde, Watan harmanyna 1826 tonna bugdaý hasylynyň tabşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ekişiň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi meýdanlarda ýaşyl maýsalaryň gyş paslyna çenli birnäçe şaha ýaýradyp, penjelemegine şert döretdi. Häzirki günlerde bolsa, ýaşyl maýsalary bellenilen mukdarda karbamid, fosfor ýaly dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Atyzlara bezeg berip oturan maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäresiniň ýerine ýetirilmeginde «MTZ — 80» kysymly traktorlaryň dördüsiniň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Ak ekinlere göwnejaý dökün bermek işlerini geçirmekde mehanizatorlardan Çary Gurbanow, Wepa Garaýew dagy has gaýratlylyk görkezýärler. Şu günler bolsa ýagýan ygal hem topragy yzgarladyp, bugdaý maýsalarynyň oňat boý almagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Geçirilýän şunuň ýaly önjeýli işleriň netijesinde, daýhan birleşigi boýunça 800 gektar meýdanda maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirildi — diýip, daýhan birleşiginiň hünärmeni Ýalkapberdi Orazow gürrüň berdi.