Baglaryň melikesi

10 Mart 2021
789

Bahar. Bag. Gözellik. Zenan. Bu sözleriň arasyndaky baglanyşygy düşündirmek üçin uzyndan-uzyn sözlemleri, hatar-hatar setirleri biri-biriniň yzyndan tirkäp oturmagyň hajaty hem ýok. Bu baglanyşyk şeýle-de düşnükli. Şonuň üçin hem baharyň goýnundaky ilkinji baýramlaryň birini zenanlarymyza bagyşladyk. Tebigatyň şu baýramyň ― Halkara zenanlar gününiň bellenilýän uçurlaryndaky gözelligini ýylyň başga hiç bir möwsümi bilen deňär ýaly däl. Şol günlerde tutuş tebigat ― baglaram, daglaram, sähralaram güllere bürenýär. Göwnüňe bolmasa, bütin barlyk zenanlara tagzym edýär. Onsoň adam ogly dagy nämejik?!

Sizi turuwbaşdan pelsepewi oýlaryň jümmüşine alyp gitmegimiz ýönelige däl. Çünki şu ýazgylaryň ýazylmagyna sebäp bolan günde biz baglaryň we zenan elinden döreýän gözelligiň janly şaýady bolduk. Özi-de uzakda däl, Türkmenabatdan bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdaky Miweçiler obasynda.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.