Ýokary hilli tohumlar

10 Mart 2021
822

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň hilini gowulandyrmak baradaky tabşyryklary welaýatymyzyň obahojalykçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, indi köp ýyllardan bäri bugdaýdan, gowaçadan we beýleki ekinlerden bol hasyl alnyp gelinýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýaz ekişi möwsümi hem barha golaýlaýar. Bu jogapkärli günlerde gowaça ekiljek meýdanlar birkemsiz taýýarlanylýar. Wagtynda göwnejaý şüdügärlenen ýerlerde tekizleşik, geriş çekmek, suw tutmak işleri tejribeli adamlar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Şeýle derwaýys wezipelerde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary iş öndürijilikli tehnikalaryndan, olaryň gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.

Ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdaryny taýýarlamakda «Marypagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda abraýly işler berjaý edilýär. Munuň şeýledigine Türkmengala etrabyndaky Nurmuhammet Akmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda durmuşa geçirilen işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kuwwatlylygy möwsümde 40 müň tonna nah pagtany gaýtadan işlemäge ukyply bolan kärhanada taýýarlanylan tohumlyk gowaça çigidiniň 14 müň tonnadan gowragy ýapyk bassyrmalarda tygşytly ýerleşdirilip goýlupdyr. Tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak boýunça hünärmen Ýalkapmuhammet Meretdurdyýew „«Ýolöten-7», «Jeýhun», «Ýolöten-39» hem-de «Ýolöten-14» görnüşli tohumlaryň gögerijilik, ýokary hasyl berijilik ukybynyň artykmaçlygyny nygtaýar.