Mallar weterinar gözegçiliginde

21 Fewral 2021
1831

Tagtabazar etrabynyň «Maldar» maldarçylyk hojalygynda hem mallaryň gyşdan abat we sagdyn alnyp çykarylmagy dogrusynda günübirin alada edilýär, maldarlaryň durmuşy we ýaşaýşy bilen içgin gyzyklanyp, olaryň mal bakýan öri meýdanlaryna barylýar.

Ýakynda biz etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynda bolduk. Gyş üçin iri baldakly otlaryň we dürli görnüşdäki samanlaryň, küde, bedeleriň boýy asmana ýetýär. Bu ýerde depe-depe otlary göreniňde, gözüň dokunýar. Mallary abat we dok saklamak üçin 7793 tonna arassa ot, 568,8 tonnadan gowrak arpa taýýarlanyp, mallaryň gyşladylýan kaşarlaryna eltilipdir. bu bolsa owlak-guzy möwsüminiň hem talabalaýyk geçiriljekdiginiň alamatydyr.

Ýazdurdy ABDYRAHMANOW,
TKA-nyň Tagtabazar etrap birleşmesiniň başlygy.