Goç berdaşly bolsa...

21 Fewral 2021
2401

Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň arasynda toýlaryň bezegine öwrülen milli oýunlar, däpler, olarda ýerine ýetirilýän birnäçe aýratynlyklar bar. Şolaryň biri-de, toý-baýramlarda goç süsüşdirmekdir. Goç süsüşdirmek üçin idedilýän goçlar, esasan, garaköli tohumyndan saýlanyp alnypdyr. Munuň esasy sebäbi-de garaköli goçlar süsüşende çydamlylygy, berdaşlylygy bilen tapawutlanýarlar. Olaryň gowy bakylanynyň agramy 100 – 120 kilograma çenli ýetýär.

Goç süsüşen wagty şahyna şikes alsa, tä bitýänçä süsüşdirmändirler. Süsüşdirmek üçin idegi ýetirilen goçlara hökman at goýupdyrlar. Süsmek, süsüşmek goçlaryň zandynda, ganynda bar. Süsüşende agyrlygyň ähmiýetlidigine garamazdan, agramy ýeňilräk goçlaryň özünden 20 kilogram agyrlykdaky goçlary ýeňýän pursatlaryna-da duşmak bolýar. Süsüşdirmek üçin niýetlenilen goçlar bir ýaşandan ýüpe öwrenişdirilip, üç ýaşdan süsüşdirilip başlanýar. Ýaş taýdan kiçi goçlara goçgar diýlipdir. Süňňi sagat goçlary 7-8 ýaşa çenli, kähalatlarda bolsa 9 ýaşa çenli süsüşdiripdirler. Ýöne bu seýrek gabat gelýän ýagdaý. Toý-baýramlarda süsüşdirmek üçin idediljek goçlary saýlanlarynda, ilki olaryň 5-6-syny bir ýerde saklap, bir-biri bilen süsüşdirip, içinden has çydamlysyny alypdyrlar.

Guwançmyrat AMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeniýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy.