Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

19 Fewral 2021
892

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem ak ekine ideg etmek işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar.

Ýolöten etrabynyň «Momotaý» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljan Gurbanowa hojalykda ýylyň-ýylyna bereketli hasyl öndürmegi başarýan kärendeçileriň biri. Ol Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň bugdaý hasylynyň ýokary bolmagy üçin yhlasly aladalanýar. Kärendeçi zenan her bir alyp barýan işinde gaýynatasy Ýazmuhammet aganyň berýän maslahatlaryna eýerýär.