Daýhanyň ygtybarly daýanjy

19 Fewral 2021
950

Şu günler ähli ýerlerde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem golaýlap gelýän gowaça ekişine taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. Şoňa görä, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda tehnikalary abatlamak, gözden geçirmek işleri talaba laýyk guralýar.

Baýramaly etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda- -da tehnikalary we olaryň gurallarynyň — gowaça ekijileriň, kultiwatorlaryň ekiş möwsümine doly taýýar edilip goýulmagy üçin irginsiz aladalar edilýär. Bu ýerde kärhananyň baş hünärmeni Nurmuhammet Goşaýew, bejeriji ussalar Şadurdy Taganow, Begenç Ataýew, Berdi Bazarow, Rahman Guljaýew, Kyýas Mämmedow, Begnazar Täçliýew, Merdan Joraýew dagy gije-gündiz irginsiz zähmet çekýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp berýän tehnikalarynyň daýhanlaryň ygtybarly daýanjydygyna örän oňat düşünýärler. Şoňa görä hem bejeriji ussalar iş depginlerini gowşatmaýarlar.