«Tolkun atan rysgal ummany, bugdaý!»

19 Fewral 2021
921

Hormatly Prezidentimiziň meşhur şygryndan alnan şu ýekeje setir bugdaýa mahsus aýratynlygy doly beýan edýär. Bu şygryň beýleki setirlerinde nygtalyşy ýaly, bu «umman», «Ýeriň mährinden, Arşyň rehmetinden, jepakeş iliň zähmetinden» döreýär. Onsoň biziň halkymyzda hoş sözüň, gül meňziň bugdaýa deňelmegi ýönelige däl.

Farap etrabynyň ekin meýdanlary Amyderýanyň sag kenaryndan başlap, gündogardaky ümmülmez giňişliklere çenli uzaýar. Şu günler olaryň käsinde täze hasylyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görlüp ýörülse, käsinde eýýäm ekişe girişilendir. Beýleki bir atyzlardaky ýaşyl maýsalar bolsa heniz fewral tamamlanmanka, ýaz ýakymyny bagyşlaýar. Bu işjeňlik etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginde hem göze ilýär.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.