Meýdan işleri gyzyşýar

18 Fewral 2021
810

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu günlerinde oba hojalyk pudagynda meýdan işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Gökdepe etrabynda ak bugdaýyň idegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ösüş suwlary, mineral we organiki dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegi ýaş maýsalaryň kadaly boý almagyna uly itergi berýär.

Etrabymyzda ýaz ekişine-de taýýarlykly barylýar. Ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, ýerleri gurplandyrmak işlerine jogapkärli çemeleşilýär. Tehnikalaryň, gowaça tohumlarynyň taýýarlygyna bolsa uly üns gönükdirilýär.

Oguljeren KEÝMIROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň esasy hünärmeni.