Käşiriň damjalaýyn usulda suwarylyşy

14 Fewral 2021
988

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär.

Dökünli ýerde käşir düýpleri has iri, gabarasy we agramy boýunça birmeňzeş bolýar. Mundan başga-da, kadaly dökünlenen käşiriň düzüminde witaminleriň möçberi artýar.

Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.