Toprak berekede beslener

3 Fewral 2021
881

Ene ýere eýelik edýän janypkeş daýhanlarymyz üçin gyzgalaňly günler başlandy. Olar kemsiz ideg edilip, ekişe taýýar edilen topraga ilimiziň desterhanlaryna naz-nygmat, rysgal bolup doljak bereket tohumlaryny ekmäge girişýärler. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, lebaply babadaýhanlar hem häzirki pursatda aýratyn ruhubelentlik ýagdaýyny başdan geçirýärler. Olar hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanylan welaýatlar boýunça üstümizdäki ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmegiň meýilnamasynda bellenilenleri üstünlikli ýerine ýetirmek, ekin dolanyşygyny ylmy esasda alyp barmak, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak ýaly il-ýurt bähbitli wajyp işe saldamly goşant goşmak hyjuwy bilen joşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwlet berkararlygynyň, ýurt abadançylygynyň sarsmaz sütünleriniň biri bolan azyk bolçulygyny ygtybarly üpjün etmek meselesine ilkinji derejeli ähmiýet bermek bilen, oba hojalyk işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýdy. Şunuň bilen birlikde öňden bellenilenleri abraý bilen berjaý etmek üçin önüm öndürijilere giň goldawyň berilýändigini, olaryň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändigini bellemek ýakymlydyr. Şeýle goldaw-hemaýaty ene ýere hyzmat edýän, oňa ukyp-başarnygyny, mähir-yhlasyny bagyş edýän adamlar ýakyndan duýýarlar. Şol sebäpli olar uly höwes bilen zähmet çekýärler.

Mämmet GYLYJOW.