Meýdan işleri gyzgalaňly barýar

31 Ýanwar 2021
990

Bäherden etrabynyň edermen hasyl ussatlary häzirki wagtda şu ýyl üçin meýilnama boýunça 12550 gektar meýdana gowaça ekmegi meýilleşdirip, meýdan işleriniň gerimini has ýaýbaňlandyrýarlar. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň kuwwatly tehnikalary bilen meýdanlarda sürüm işini geçirmekde traktorlaryň 27-si doly güýjünde işledilýär. Olaryň güýji bilen şu güne çenli sürüm işleri tamamlanyp barýar. Bu işler etrabyň Magtymguly adyndaky hem-de «Mürçe», «Ýeňiş» daýhan birleşiklerinde has-da guramaçylykly geçirildi. Pagtaçy kärendeçiler agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegini gazanmak bilen şu ýylyň hasylynyň düýbüni göwnejaý tutmakda ähli meýdan işleriniň depginini gowşatmaýarlar.

Gülaýym GURDOWA,
TAP-nyň Bäherden etrap komitetiniň esasy hünärmeni.