Gowaçanyň täze sortunyň üstünde işleýäris

31 Ýanwar 2021
1021

Pagtaçylyk — düşewüntli pudak. Ylaýta-da, inçe süýümli pagta gymmatlylygy bilen tapawutlanýar. Inçe süýümli gowaça süýümi dokma senagaty kärhanalary üçin gymmatly çig mal hasaplanýar. Ýüpek pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alnyş nyrhy orta süýümli (nah) pagtanyňkydan ep-esli ýokarydyr. Inçe süýümli gowaçanyň süýüminden iň nepis ýüpek matalar dokalýar.

Ýüpek pagtany ekmegiň daýhana-da, döwlete-de ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini aýratyn belläp geçmek gerek. Inçe süýümli pagtadan orta süýümli pagta garanyňda, matany tas 2 essä golaý köp alyp bolýar.

Muhammetrahym MEREDOW,
TOHI-niň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň kiçi ylmy işgäri.