Maýsalar boý alýar

28 Ýanwar 2021
1024

Bäherden etrabynda ak ekinlere ideg etmek işleri ekerançylygyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Etrap boýunça däne ýetişdirilýän 21 müň 100 gektardaky ýaşajyk maýsalar kadaly boý alýar. Ösüş suwlarynyň agrotehniki möhletlerde tutulmagy bu babatda uly ähmiýete eýedir. Häzirki günlerde 3-nji ösüş suwy tutulýar.

Gallaçy kärendeçiler ak ekinleri ösüşi kadalaşdyryjy dökünler bilen hem kadaly iýmitlendirýärler. Bu işler etrabyň Şaja Batyrow, S.A.Nyýazow adyndaky, şeýle-de «Zähmet» daýhan birleşiklerinde ýokary guramaçylykda alnyp barylýar.

Muhammet DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.