Daýhanyň ygtybarly daýanjy

11 Ýanwar 2021
1381

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde oba hojalyk pudagy belent sepgitleri eýeledi. Daýhana zähmet çekip toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda daýhanyň ygtybarly daýanjy hasaplanýan tehnikalaryň birnäçe tapgyrlary ýurdumyza getirilýär. Olar kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli bolup, daýhanyň ýakyn ýardamçysyna öwrülýärler.

Şu günler hem ýerlerde ak ekini iýmitlendirmek, täze ekilmeli hasyl üçin sürüm, tekizleşik işleri giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu işleri ýerine ýetirmekde tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň tehnikalary hem giňden ulanylýar.